Talyplaryň arasynda sanly ulgam arkaly bilim bäsleşikleri geçirildi

16-11-21

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda fizika, ekologiýa  daşky gurşawy goramak dersleri boýunça online formatda Açyk olimpiada geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleri-täze garaýyşly alymlaryň neslini taýýarlamak şol özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alymlaryň täze nesline innowasiýalar we ösüşler eýýamynda türkmen halkynyň öňünde durýan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etmek garaşýar.

Bu ugurda maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy netijesinde, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, umumy kabul edilen ölçeglere kybap getirilýär. Bu bolsa ýaş nesillere ýokary hilli köptaraply bilim almaga mümkinçilik berýär. Tutuş ýurdumyz boýunça iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylmagy we açylmagy hem-de olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, şol sanda Internet ulgamynyň dünýäni gurşap alýan maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterliligi we elektron kitaphanalarynyň ornaşdyrylmagy muňa gönüden-göni täsir edýär.

Ýakynda ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde innowasiýanyň we döwrebap bilimiň önümçilikdäki sazlaşygyny açyp görkezmek, talyp ýaşlaryň bilimini gözden geçirmek, olary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çekmek, täze döredilen işleri höweslendirmek maksady bilen fizika we ekologiya derslerinden online olimpiada guraldy. Professor-mugallymlaryň we ylmy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebimiziň ýolbaşçylygynda ders bäsleşigi geçirildi. Şeýle bäsleşikleriň guralyp durulmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylmyň we sanly bilim ulgamynyň netijeliligini we döwrebap hünärmenleriň ýetişdirilýändigini alamatlandyryp, zehinli we başarjaň ýaşlaryň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa instituty tarapyndan guralan we onlaýn-formatda geçirilen fizika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça olimpiadasynyň netijeleri jemlendi.

Fizika dersi boýunça internet olimpiadanyň netijeleri: Jemi 4 birinji, 6 – ikinji we 5 - üçünji ýerler berildi. Ýeňijileriň biri – Ataýew Diýarguly hormat münberiniň iň ýokary basgançagy boýunça öz bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy. Ol Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyby, jemi 91,7 bal toplady. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Keremdurdy Gurbandurdyýew, Türkmen Milli howpsuzlyk instituty - 66.7 bal; Gurbanow Eziz, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalary uniwersiteti - 66.7 bal; Söýünhanow Öwezmuhammet, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty - 66.7 bal toplap birinji orny eýelemegi başardylar.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Baýramow Bezirgen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty - 58.3 bal; Akmyradow Gowşut, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti - 58.3 bal; Mamudowa Aýlar, S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty - 58.3 bal; Kössekowa Läle, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti - 50.0 bal; Töräýewa Ogulnur, S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty - 50.0 bal; Sopyýew Hanmyrat, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti - 50.0 bal topladylar we ikinji orny eýelemegi başardylar.

Üçünji ýeriň jemleri boýunça Iljanow Parahat, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti - 41.7 bal; Annaorazow Döwletgeldi, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty - 41.7 bal; Agayewa Aýjahan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti - 41.7 bal; Jumanazarow Gurbangeldi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti - 41.7 bal; Öräýew Mekan, Türkmen döwlet binagärlik-gurlşuk instituty - 41.7 bal topladylar.

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak dersi boýunça internet olimpiadanyň netijeleri: Jemi 5 birinji, 7 ikinji we 12 üçünji ýerler berildi. Ýeňijileriň biri – Guwanjow Sapargeldi hormat münberiniň iň ýokary basgançagy boýunça öz bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti talyby jemi 82,5 bal toplady. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Allakow Döwran,  Türkmenistanyň serhet instituty - 63,8 bal; Ýangybaýewa Sabina, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti  - 58,8 bal; Tekäýew Şatlyk, M.Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti - 56,3 bal; Muhanowa Ogulnur, Türkmen oba hojalyk instituty - 56,3 bal toplap birinji orny eýelemegi başardylar.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Agaýewa Merjen,  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti - 55 bal; Gutyýew Arazmuhammet, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti - 53,8 bal; Durdyýew Durdy, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti  - 52,5 bal; Kerimowa Täzegül, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti - 52,5 bal; Jumageldiýewa Ruhsara, Türkmen oba hojalyk instituty - 52,5 bal; Akyýew Begençmyrat, Türkmenisatnyň harby instituty - 51,3 bal; Garaýew Jemşit, M.Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti - 51,3 bal toplap ikinji orny eýelemegi başardylar.

Bäsleşige gatnaşýan  ýokary okuw mekdepleriniň 12-si üçünji oruna mynasyp boldular. Olar Batyrowa Oguljemal, Turkmen oba hojalyk instituty - 51,3 bal; Babamyradowa Jennet, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti - 51,3 bal; Açylow Gaýrat, Türkmenisatnyň harby instituty - 48,8 bal; Halylowa Mährijemal, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti - 48,8 bal; Annamyradowa Aylar – Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti - 48,8 bal; Abduseýidowa Aziza, Türkmen döwlet maliýe instituty - 48,8 bal; Annageldiýew Nurröwşen, Türkmenisatnyň harby instituty - 47,5 bal; Taganow Döwlet, Türkmen döwlet energetika instituty  - 47,5 bal; Baýramow Mekan, Türkmen milli howpsuzlyk instituty - 43,8 bal; Bäşimowa Nurbike, Türkmen döwlet energetika instituty - 42,5 bal; Atajanowa Nurtäç, Türkmen döwlet energetika instituty - 40 bal; Geldimyradow Geldimyrat, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiyalary instituty - 40 bal toplap, üçünji orny eýelemegi başardylar.

Olimpiada online düzgüninde kompýuter testi görnüşinde geçirildi. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlary hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan çuň manyly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny ýene bir gezek subut etmegi başardylar. Ildeşlerimizi, talyplarymyzy gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys. Bu gazanylan üstünlikler biziň institutymyzyň mugallymlarynyň çekýän zähmetleriniň netijesidir. Geljekde-de, biziň institutymyzyň talyplarynyň şunuň ýaly ders bäsleşiklerde öz bilimlerini has-da ýokary derejede görkezjekdiklerine ynanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň bilim derejelerini ýokarlandyrmak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri her bir bilim işgäriniň kalbynda buýsanç döredýär. Milli Liderimize şeýle ýokary derejedâki  ýaryşyny geçirmâge döreden mümkinçiligi üçin sagbolsun aýdýarys!

Wepa KOWSYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumatlar we okatmagyñ tehniki serişdeler bölüminiñ esasy inženeri
.

 Çapa taýýarlan: Möwlam HAÝTGULYÝEW,, 
Türkmenistanyň Inźener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uçurymy.

MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.


MUKADDES GYMMATLYK

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.


BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ

Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň  gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.