Bagta beslenen ýollar
16-11-21
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy ýokary hilli ýerine ýetirildi we halkara ykrarnama eýe boldy. Şeýle uly taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag şahalarynyň dünýäniň ulag ulgamyna mynasyp goşulyşýandygyna güwä geçýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ulag-logistika düzümini kämilleşdirmekde hem-de öňde duran wezipeleri amal etmekde bitirilýän beýik işleriň aýdyň beýanydyr.
Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.
Ýoluň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagy, halkara ülňülere we bildirilen talaplara laýyk getirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak üçin zerur bolan çig malyň — çaglyň, asfaltyň, betonyň we beýleki ýol gurluşyk materiallarynyň öz ýurdumyzda öndürilmegi bu taslamany döwrebap, ýokary hilli ýerine ýetirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem gurluşykda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryndan, innowasiýalardan, dünýä tejribesinden ugur alynmagy işiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Bu bolsa, öz hünärmenlerimiziň güýji bilen uly gurluşyk işleriniň bitirilýändigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr bolup, onuň Aşgabat — Tejen bölegi 203 kilometrdir. Ýoluň ugrunda birnäçe inženerçilik desgalarynyň bina edilmegi bolsa ýolagçylara we sürüjilere ähli şertleriň döredilip berlendigini görkezýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin dö redip berýän giň mümkinçiliklerinden aýdyň mysaldyr. Bu ýol diňe ýurdumyzyň ösüşine has oňaýly täsir etmän, eýsem, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda hem uly ähmiýete eýe bolar. Şunda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlandyrylmagy, ulag-aragatnaşyk ulgamy ýaly ähmiýetli we geljegi uly bolan ugurda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ygtybarly serişdesidir.
Bu awtomobil ýoly ýurdumyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar. Ol sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini höweslendirmek bilen, harytlaryň uzak aralyklara çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer.
Biz täze açylan bu ýoluň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap ulag ugurlary arkaly dikeltmäge, ýükleri daşamak we üstaşyr geçirmek ulgamynyň işine goşmaça badalga bermäge ähli şertleri döretjekdigine ynanýarys. Geljekde ol diňe bir goňşy döwletleri birleşdirmän, eýsem, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrjak möhüm halka öwrüler. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna, şol ýerden bolsa deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik berer. Diňe şunuň özi-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen başy başlanan bu iri taslamanyň näderejede ähmiýetlidigini doly açyp görkezýär.
Jemläp aýdanymyzda, Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy Türkmenistan döwletimiziň ýaş nesilleriniň geljeginiň, ýaşaýyş- durmuşynyň, arzuwlarynyň we beýik maksatlarynyň gurulmagydyr. Taryh bize türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň, söwda aragatnaşygynyň ösmeginde gaty uly ähmiýetiniň bolandygyny gürrüň berýär. Täze awtoban şol gadymy ýoluň häzirki zaman döwrebap dowamatydyr. «Il ýörän ýer ýol bolar» diýýän halkymyz müň keren mamla. Nesip bolsa, bagta beslenen täze ýollar halkymyzyň rysgal- berekediniň göterilip, şan-şöhratynyň artmagyna badalga berer.
Mährijemal HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.