TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ RUHY KÖKLERI
12-12-24
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň çuňňur filosofik, dünýägaraýyş jähti bar, ol türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edýän milli däpleri, pikir ýörediş aýratynlyklary bilen sazlaşykly baglanyşyklydyr. Açyklyk, myhmansöýerlik, parahat söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmäge çalyşmak, oňşuklylyk türkmen halkyna mahsus bolan sypatlardyr.
Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan “Kyýamat güni goňşudan”, “Öý almankaň – goňşy al”, “Donumyň syny goňşymyňky”, “Goňşy aşy – dişe däri”, “Goňşy aşy – göwün hoşy”, “Goňşy goňşudan giç ýatyp, ir turmany öwrener”, “Goňşy goňşudan görk alar”, “Goňşy goňşyň hem görki, hem örki” – ýaly onlarça nakyllar döredilipdir. Bu pähimleriň düýp özeni pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgesinden gözbaş alýar.
Halkymyzyň milli aň-düşünjesine milletparazlygyň ýatlygyny, açyk göwünliligiň, parahatsöýüjiligiň, başga milletleriň diline, dinine, medeniýetine hormatyň uludygy belli hakykatdyr.
Bilşimiz ýaly, türkmenleriň “töwellaçylyk” diýilýän däbi bardyr. Ata – babalarymyz adamlaryň agzybir gatnaşykda bolmagy üçin köp tagallalar edipdirler. Eger-de bir saý-sebäp bilen ara tow düşäýse, onda obanyň sylanýan ýaşululary töwella edip, ol meseläni parahatçylykly ýol bilen çözmegi başarypdyrlar.
Şükür bagşynyň urşa, gan döküşiklige ýol bermezlik maksady bilen Eýrana dutarly gitmegi türkmen töwellaçylygynyň we parahat söýüjiliginiň aýdyň mysalydyr.
Gündogaryň beýik söz ussady, aryf-akyldar Magtymguly Pyragynyň öwüt–ündewe ýugrulan setirleri hem halk hakydasynyň ynsanperwerlige esaslanýan jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Beýik akyldaryň:
Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eder,
Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar.
Ýa-da:
Duşmanyň hem düşer bolsa goluňa,
Owal başda bir mürrewet gerekdir
– diýen setirleri munuň aýdyň güwänamasydyr.
Eždat-pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleri ähli döwür üçin durmuş kadasyna öwrülipdir. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň nesil ulgamlary, Gorkut atanyň, Görogly begiň şire deňän ýigitleri, Döwletmämmet Azadynyň milletiň akyl–paýhasy saýan ýaşululary, “Yşk mülküniň şasy” Mollanepesiň Aýa meňzeden gelin – gyzlary, halkymyzyň perişdä deňäp gelen çagalary bu ýol-ýörelgelerden ugur alypdyrlar. Şeýlelikde, bu ýörelgeler dowamata ýar bolup, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyzyň bu ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri rowaçlyklara eýe bolýar.
Leýli HALMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.