GUWANDYRYJY TARYHY WAKALAR
12-11-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda gazanylýan nusgalyk ösüş-özgerişlikler, ýetilýän beýik sepgitler her bir şanly ýylyň buýsançly şygarynda özüniň beýanyny tapýar.
Berkarar döwletimizde Watanymyzda her bir ýylyň özboluşly atlandyrylyşy ýaly, 2021-nji ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyna gabat gelýär.
«Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dost-doganlyk, hoşmeýilli, uzak möhletleýin, ösüş-özgerişe, asudalyga ýugrulan gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan üçin pederlerimiziň gadymdan gelýän parahatçylyk we bir-birege ynanyşmak ýörelgeleriniň dabaralanmasy bolup öňe çykýar. Bu ýyl öz sapaly günleri bilen mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da arşa göterýär.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty halkara derejesinde dabaralanyp, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi, dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň asudalyk, abadançylyk ýörelgeleri esasynda ösüşini dabaralandyrýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty milli Liderimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has-da üstünliklere beslendi. Şu ýyl ýurdumyzyň taryhynda möhüm wakalar boldy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy uly dabaralara beslendi.Bu şanly sene mynasybetli ençeme binalar we desgalar ulanmaga berildi. Munuň özi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň uly üstünliklere beslenendigini aýdyň beýan edýär.
Goý, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ata Watanymyzy ösüşiň belentliklerine sary alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Laçyn BAÝRAMGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.