PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI ÝÖRELGELER
12-11-21
Sebitde we dünýäde parahatçylygy, halkara deňhukuklylygy saklamak, daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döretmek, medeniýet, bilim, ylym, ynsanperwerlik, sport we syýahatçylyk babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça alnyp barlan dünýä nusgalyk işler Türkmenistanyň halkara hukuk derejesiniň gymmatyny artdyrdy we taglymatlaryny dünýä ýaýmaga mümkinçilikleri döretdi.
Bu günki gün hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen alyp barýan işjeň gatnaşyklary onuň dünýä üçin iň ygtybarly ýurt hökmündäki abraýyny has-da artdyrdy. Ýurdumyz özüniň amatly geoykdysady we geosyýasy kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini durmuşa geçirmäge, ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirýär. Bu bolsa hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda bir-birege ynanyşmak ýörelgeleriniň çuňlaşmagyna, netijede, parahatçylygyň üpjün edilmegine uly itergi berýär.
Berkarar ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň esasynda amal edilýän tutumlar diňe bir milli bähbitleri göz öňünde tutmak däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, halkara durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň oňyn, deňeçer çemeleşmeleriniň talaplaryna, BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine laýyk gelýändigini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary, BMG-niň goldawy bilen Türkmenistan dostlukly döwletler bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary berkidýär. Bu babatda milli derejede ulag düzümini döretmegiň, ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirýär, awtomobil ýollarynyň, ýol aýrytlarynyň, köprüleriň gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýar, halkara derejeli taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Aşgabadyň, Türkmenabadyň Halkara howa menzilleriniň açylmagy, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz porty, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenabat bölegi, Amyderýanyň üstünden geçýän sebitdäki iri awtomobil we demir ýol köprüleri doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyrynyň, Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň ulanmaga berilmegi hem şeýle iri taslamalaryň giň gerimini görkezer. Bu ýol Aziýa halkara ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup, ol taslama gatnaşýan ýurtlaryň çäginden geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykar.
Döwletimiziň baky Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belleýän, türkmen döwletiniň berkararlygy we mizemezligi, nesilleriň bagtyýar we erkana durmuşy hakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň agzybir, asuda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Kadyr BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.