PARAHATÇYLYK — BAGTYÝARLYGYŇ ŞUGLASY

11-11-21

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýöredip gelen hoşniýetlilik ýörelgeleriniň Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri tarapyndan doly ykrar edilmegi diýseň buýsançlydyr. Munuň özi türkmen halkynyň hoşniýetli ynsanperwer gatnaşyklarynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen berk baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi, parasatly syýasaty Diýarymyzda ynsanperwerligiň hemde adalatyň berkarar edilmeginiň, demokratik we hukuk döwletini kämilleşdirmegiň aýdyň ýoly bolup durýar. Hemişe parahatçylyga, dostluga we ynanyşmaga belent sarpa goýup, bu ýörelgelere uýup gelen türkmen halkynda “Iller agzybir bolsa, ýurtlar abadan”, “Ynanyşmak — dostlugyň mizemez binýady” diýen ynançlar bar. Bu ynançlar halkymyzy bagtyýarlyga eýe etdi, döwletli döwrana ýetirdi. Şeýlelik-de, Türkmenistan gysga döwür içinde öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Zemine parahatlyk nuruny çaýýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde doly subut etdi.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak arkaly ählumumy howpsuzlygy berkitmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde dünýä dolýar. Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, halkara ähmiýetli çagyryşlar boýunça duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Halkymyz umumadamzadyň durnukly ösüşini, dünýäniň bitewüligini nazarlaýan milli ýörelgelerimizi hemişe mukaddeslik derejesine göterýär we oňa uýýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini çaltlandyrmaga, ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen
syýasatynda parahatçylyk we ynanyşmak arkaly daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we onuň has netijeli bolmagyny gazanmak uly orun eýeleýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläkde ynamly ösmegine, gysga wagtyň içinde dünýäniň ykdysady taýdan has ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna möhüm şertler döredýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan doly ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynanyşmagyň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, ösüş bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün edýän taglymatdyr. Bu taglymat adamzadyň geljekki ösüşiniň ýagty ýolýörelgesidir. Gadymy türkmen topragynda demokratik döwlet, raýat jemgyýeti guruldy. Durnukly ösüşi nazarlaýan bu özgeriş halkymyzyň asyl demokratik
ýörelgeleri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda amal edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi baradaky Kararnamany kabul etmegi milli Liderimiziň türkmen halkynyň öz taryhynyň dowamynda döreden gatnaşyklar medeniýetini täze şertlerde ösdürjekdigine we adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge öz saldamly goşandyny goşjakdygyna bolan ynamy bilen baglydyr. Bu ynam halkymyzyň gurujylyk, döredijilik ukyplarynyň ýokarlanmagyna bolan ynamdyr. Şeýle mizemez ynam halkymyzyň syýasy işewürligini artdyryp, ýurdumyzy geljekki ösüşlere we özgerişlere alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatynyň ýörelgeleri oýlanyşyklylygy, täzeçilligi, adalatlylygy we hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanýandygy bilen dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Şeýle hem ol başlangyçlaryň netijelidigini, ählihalk bähbitlerinden ugur alýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Döwletli başlangyçlary, halk bähbitli işleri bilen watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, çekýän zähmetimiziň ömrümiziň hem döwrümiziň bezegi zynatydygyny, günsaýyn uly özgerişliklere beslenýän ata Watanymyzyň daýanjy kuwwatydygyny duýup ýaşamak biziň her birimiz üçin uly bagtdyr.

Arapmyrat NURNAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.