Mehanizasiýanyň oba hojalygyndaky orny
14-04-23
Döwrebap ýörite enjamlar agrosenagat toplumynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Aýry-aýry amallary ýa-da tehnologiki amallary mehanizasiýa we awtomatlaşdyrmak arkaly zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin döredilen oba hojalygy tehnikasynyň ähmiýeti uludyr. Adamzat gadymy döwürlerden bäri oba hojalygy önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tehnologiýadan peýdalanýar. Oba hojalygynyň tehnologiýa bilen uzak wagtlyk baglanyşygy ýönekeý palçykdan ýasalan oba hojalyk gurallaryndan bug bilen işleýän hasyl ýygnaýjy tehnikalara, ösümlikleri köpeltmäge gönükdirilen dürli usullardan binalarda ýyladyşhanalar gurulmagyna çenli baryp ýetýär.
Häzirki wagtda mehanizasiýanyň kämilleşmegi netijesinde oba hojalygynda elektrifikasiýalaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak ýaly usullar ornaşdyrylýar. Oba hojalygynda näçe elektrik energiýasynyň sarp edilýändigi, kärhanada adam we haýwan güýjüniň ýerine näçe hereketlendirijiniň ulanylmagy, adam zähmetine we gözegçilige mätäç bolmazdan bu tehnikalaryň näçeräk işleýändigi ýaly faktorlar kärhananyň mehanizasiýa derejesini kesgitleýär.
Oba hojalygynda mehanizasiýa düşünjesi, diňe bir sanlardan ybarat bolan maglumatlary däl-de, eýsem täze tehnologiýalaryň we usullaryň ulanylmagyny hem öz içine alýar. Häzirki wagtda durnukly oba hojalygy önümçiligi bilen bir hatarda oba hojalygyndaky azyk üpjünçiligi meseleleriniň çözgütleri oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak bilen deň derejede möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, işlenip düzülen çözgütleriň biri bolan dik ekerançylyk tejribesi, iň täze tehnologiýalary hem-de oba hojalygy önümçiliginde döwrüň talaplaryny birleşdirýär.
Oba hojalygynda önümçilik gatnaşyklarynyň has-da ösýän döwründe ekerançylykda ýokary hilli agrotehniki çäreleri geçirmegiň uly ähmiýeti bardyr. Ekerançylykda ýokary zähmet öndürijiligini gazanmak, işleri tiz wagtda ýerine ýetirmek we sarp edilýän önümçilik harajatlaryny peseltmek üçin alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn mehanizasiýasynyň uly orny bardyr.
Maşynlar ulgamy oba hojalyk önümçiliginiň kompleksleýin mehanizasiýasynyň maddy-tehniki esasydyr. Ol oba hojalyk işleriniň doly siklini üpjün edýän, tehnologik prosesleri we öndürijilikleri boýunça biri-birleri bilen özara baglanyşykly dürli maşynlaryň toplumydyr. Bu ulgamyň has-da ösdürilmegi sarp edilýän harajatlaryň azaldylmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, ekinleriň hasyllylygynyň yzygiderli artmagyna uly ýardam berer.
Türkmenistanyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli oba hojalyk tehnıkalaryny satyn almak ugrunda giň tagallalar edilýär.
Biziň güneşli Diýarymyzda hem oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine uly üns berlip, bu babatda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýylyň-ýylyna oba zähmetkeşleri üçin döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Olar hem oba hojalygynda hasyllylygyň ýokary bolmagyna getirýär.
Türkmenistan oba hojalyk tehnikalaryny satyn almakda «John Deere» (ABŞ) we «CLAAS» (GFR) ýaly dünýä belli kompaniýalary bilen köp ýyllar bäri hyzmatdaşlyk edýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde agzalan kompaniýalaryň okuw merkezleri açyldy, olar talyplara ýokary derejeli bilim bermek we ýokary öndürijilikli tehnikany dolandyrmak başarnyklaryny öwretmek üçin oba hojalyk önümçiliginde ulanylýan häzirki zaman usullary barada giňişleýin bilim berýärler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda daşary ýurtly hünärmenler bu ýokary okuw jaýynyň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplaryna iň täze tehnologiýalary öwredýärler. Sanly telematika ulgamyny, ýurdumyzyň oba hojalygynda ulanylýan tehnikalaryň gurluşyny we işleýşini, olara tehniki hyzmatyň hem-de tehnikalary ulanmagyň aýratynlyklaryna aýratyn üns berilýär. Merkezde geçirilýän okuwlar milli ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagy üçin kärine ussat hünärmenelri taýýarlamagyň aýrylmaz bölegidir.
Halkymyzyň, şol sanda biz ýaşlaryň bagtyýar durmuşy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, döwletli tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Gylyçdurdy BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýa fakultetiniň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.