HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ BELENT MERTEBESI
12-12-24
Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Hususan-da, döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, ulag-logistika, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifkasiýalaşdyrylýar we hil taýdan täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde barha dabaralanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň, halkara jemgyýetçiliginiň hem bähbitlerini araýandygyny bolsa durmuş her pursat subut edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde barha dabaralanýandygynyň esasy sebäpleriniň biride, bu syýasy taglymatyň atababalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden öz gözbaşyny alyp gaýdýan gadymy milli däpdessurlarymyza, ýörelgelerimize esaslanýanlygydyr. Çünki halkymyz taryhyň dürli döwürlerindede asuda ýaşamagyň, goňşy döwletler bilen hoşniýetli, parahatçylykly gatnaşyklary, goňşuçylyk däplerini alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Bu babatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň halkymyzyň özboluşly milli häsiýetlerine, dünýägaraýşyna kybapdaş gelýändigi bellemeli ýagdaýdyr.
Parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki ýurtlaryň halklaryna, olaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak, kesekiniň içeri işine goşulyşmazlyk, ejize ganymlyk etmezlik, durmuş meseleleri çözülende sabyrly bolmak — «ýedi ölçäp, bir kesmek» ýaly häsiýetler türkmene gadymdan bäri mahsusdyr. Halkymyzda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen bu ahlak sypatlary häzirki döwürde milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen hasda ösdürilýär, kämilleşdirilýär, baýlaşdyrylýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda pederlerimiziň şular ýaly kämil ahlak sypatlarynyň, ýörelgeleriniň ýaş nesillerimiziň durmuş ýörelgelerine öwrülmegi ugrunda uly aladalar edilýär.
Türkmenistan Watanymyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ― geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşmegi hem döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Hawa, Türkmenistan dürli milletleriň, medeniýetleriň galtaşýan, baglanyşýan we özara täsirleşýän çatrygynda özboluşly ruh, güýç hemde merkez hökmünde ýaşamagyny, gülläp ösmegini dowam edýän geljegi ýagtydan ýagty bagtyýar, berkarar döwletdir. Munuň özi türkmende ähli milletleriň wekillerine deň göz bilen adalatly garaýan özboluşly milli häsiýetiň we milli ahlagyň kemal tapanlygyny görkezýär.
Dünýäde hemişelik Bitarap döwlet, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistan diňe bir parahatçylyk söýüji däl, eýsem, parahatçylygy dörediji, berkidiji ýurt hökmünde hem ykrar edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy parahatçylygyň bähbitlerine gönükdirilen hoşniýetli syýasatdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ― bu döredijilikli, irginsiz zähmeti talap edýän işdir, has dogrusy, syýasydiplomatik sungatdyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň BMG ýaly abraýly halkara guramalaryň beýik münberinden täzeçil, konstruktiw häsiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bütin adamzadyň bähbitlerini araýan meseleleri orta atýandygynyň we olaryň oňyn çözgütlerini tapmagy iş ýüzünde nusga alarlyk derejede amala aşyrýandygynyň mysalynda hem göz ýetirýäris.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzda asudalyk, abadançylyk, agzybirlik, rysgalbereketlilik höküm sürsün! Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber işleri amala aşyrýantürkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýlar ŞUKUROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti
Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
DÖWREBAP MERKEZ
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.