ARKADAG PREZIDENTIMIZIŇ ALADASY BILEN ÝURDUMYZ AJAÝYP KEŞBE EÝE BOLÝAR
08-11-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, täze gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde bag ekmek, seýilgäh toplumlaryny döretmek möhüm talaba öwrüldi. Olaryň tebigy gözelligi ynsana oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Milli Liderimiz şäherleriň ilatynyň durmuşynda seýilgähleriň wajyp orny eýeleýändigini hem-de daşky gurşawda gök zolaklaryň ähmiýetini nygtamak bilen, şolaryň ekologik wezipä — amatly, asuda we owadan dynç alyş ýeri hemde adamlaryň arassa howadan dem almagy üçin niýetlenen ýere öwrülmegi ýaly wezipä aýratyn üns berýär.
Seýilgählerde medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak we wagtyňy peýdaly geçirmek hem-de daşky gurşaw barada alada etmek ýaly wezipeleriň utgaşdyrylmagy möhümdir. Şunda tebigatyň gözelligi ynsanyň ruhuny galkyndyrýar, saglygynyň berkemegine hasda oňaýly täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň olary amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görýändigini bellemek gerek. Suw, ýer we biologik serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, biodürlüligi hemde tebigy ýerleriň gözelligini gorap saklamak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy babatda uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edildi. Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler döwletimiziň aýratyn üns merkezinde bolup, milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Häzir adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan daşky gurşawy goramak baradaky möhüm ekologik meseleleri çözmekde ýurdumyzyň uly goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegine, ýersuw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga, çölleşmäge garşy göreşmäge, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga hemde birnäçe beýleki ugurlara degişlidir.
Türkmen halky ene topragyny asyrlarboýy bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edipdir. Bag oturdan adam hemişe aýratyn hormata eýe bolupdyr. Adamlar bagbakjaly, miweli baglary synlap, üstünden onlarça ýyllar geçsede, olary kimiň ekendigini ýatlaýarlar. Baglara örän aýawly garaýarlar.Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek başlangyjy ählihalk goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip,ýerasty suwlaryň ýokary galmagyny saklaýar hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle hem arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap, ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde bagy bossanlyklaryň eýeleýän ýerleri barha giňeýär. Diýarymyz bereketli baglyklaryň we meýdanlaryň, täzelenişiň hemde ösüşiň nyşanlary bolan owadan we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülýär.
Omar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumatlary we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň inźeneri.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.