Taksi hyzmatynyň «Okuwçy» nyrhnamasy ýola goýuldy

08-11-21

Ilatyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle-de döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan taksi hyzmatynyň täze «Okuwçy» nyrhnamasy ýola goýuldy. Paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilmegine görä, täze nyrhnamanyň tölegi aşakdaky tertipde kesgitlenilýär:

  1. Ýol nyrhy - her 1 kilometr üçin 2 manat;
  2. Ugruň 1 gezeklik sargyt tölegi – 7 manat;
  3. Ugruň iň pes nyrhy - 20 manat.
16946455842dd7.jpeg
TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly, ýakynda parahat ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Bu baýramyň öňüsyrasynda  hormatly Prezidentimiziň  täze neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby şanly baýrama uly sowgat boldy.


16946475fb15f5.jpeg
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


1694390c4cf7dd.jpeg
Özbegistan Türkmenbaşy porty arkaly Ýewropa ýük konteýneri gatnawyny ýola goýdy

“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda Özbegistandan Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly yzygiderli ýük konteýner gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada “Uztemirýulkonteýner” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.


1694390080145d.jpeg
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi

Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.


169438f16104af.jpeg
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi

Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.