TALYP ÝAŞLARY YLMY IŞLERE UGRUKDYRMAK
13-04-23
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetiň agzybirligini gazanyp, sazlaşykly durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işlere ýaşlary ugrukdyrmak, olaryň Watan berkararlygynyň, il-günüň abadançylygynyň, durnukly ösüşiň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen täze başlangyçlary amala aşyrmaga gatnaşmaklaryny gazanmak ilkinji wezipedir. Watan, ýaşlar, geljek baradaky oňyn düşünjeler we garaýyşlar 2023-nji ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. Bu ýyly döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ählimiziň, ilkinji nobatda, bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr.
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe kanunlar kabul edilip, şolaryň esasynda ençeme maksatnamalar herekete girizildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem bar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim bermegiň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bilim ojaklarynyň ählisi kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklary bilim maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen innowasion-tehnologik gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge täze badalga aldy. Mundan başga-da, ata Watanymyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan edilýär.
Bäsleşige hödürlenilýän ylmy işler nanotehnologiýalara, himiki tehnologiýalara, täze materiallary öwrenmäge we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygyna, ekologiýa we genetika, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, ynsanperwer ylymlary ýaly innowasion ugurlara degişlidir.
Munuň özi ýaşlaryň täzeçe pikirlenmegini, ylmy-barlag işleri bilen içgin meşgullanmagyny talap edýär. Bu işler oba hojalyk ylmynyň dürli ekinleriň ýokary hasylly görnüşlerini köpeltmek, ýerleriň şorlaşmagyny azaltmak we hasyllylygy ýokarlandyrmagyň täze biologik usullaryny ornaşdyrmak, suwy tygşytlamak we aýawly çemeleşmek, pagta tohumyny ekişe taýýarlamagyň biologik usullaryny işläp düzmek, şor toprakda miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, ekin suwlaryny ölçemek we sazlamak üçin tehniki serişdeleri döretmek ýaly işleri öz içine alýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary we hünärmenleri okuw-tejribe hojalygynda maldarçylyk, guşçulyk ugruna degişli ylmy-barlag işleri hut şu ugurlar boýunça ýöriteleşendir. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny ylmy esasda gowulandyrmakda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýeti örän uludyr. Uniwersitetiň talyplary bu ugurda dürli ylmy işleri alyp barýarlar. Geljekde kölüň töwereginde ekerançylyk üçin ýaramly ýerler emele geler we bu ýagdaý haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamaga, maldarçylyk pudagyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Şor suwlaryň medeni zolakdan çykarylmagy gowaçanyň, bugdaýyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň artmagyna hem-de önümleriň ekologik taýdan arassa bolmagyna şert döreder. Şor suw akabalarynyň işläp başlamagy bilen suwaryş suwlarynyň netijeliligi has-da artar.
Türkmenistanda oba hojalyk toplumy üçin daşary döwletlerden döwrebap, kämil tehnikalar we gurallar satyn alynýar. Olar alymlar we hünärmenlerimiz tarapyndan synagdan geçirilýär. Bu babatda uniwersitetimizde «John Deere», «Case», «Class», «Caterpillar» kompaniýalarynyň okuw merkezleriniň açylmagy talyplara olaryň kämil tehnikalaryny düýpli öwrenmäge we önümçilikde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uniwersitetde tejribeli mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerine giň gerim berildi. Olaryň hatarynda gowaçanyň ir ýetişýän bol hasylly, süýüminiň çykymy we hili ýokary, kesellere durnukly, güýzlük bugdaýyň howanyň amatsyz şertlerine çydamly, ýokary hasylly ýerli görnüşlerini döretmek bilen baglanyşykly işler bar. Uniwersitetde talyp ýaşlarda ylmy-barlag işlerine höwes döretmek maksady bilen, Ýaş alymlaryň geňeşi hem döredildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylym-bilim bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýaşlaryň ylyma giňden çekilmegine, okuw we önümçilik işleriniň özara utgaşyklylykda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň talyp ýaşlaryň taýýarlaýan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmeklige, ýokary okuw mekdebiň işini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Munuň özi şeýle möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan düýpli işleriň çuňňur ylmy esasda amala aşyrylmagyna oňaýly täsir eder.
Biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna deňeýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek ýaşlaryň baş maksady, mizemez ýol-ýörelgesidir.
Hakberdi NURYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.