Aşgabatda ýene täze awtobus ugurlary işe girizildi
03-11-21
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi web saýtynda bellenilişine görä, 1-nji noýabrdan Aşgabat şäherinde 75 we 80 belgili iki sany täze awtobus gatnawy ýola goýuldy.
- 75-nji belgili awtobus Teke bazar — Büzmeýin ugry boýunça hereket edýär. Awtobus “Teke bazar” başlangyç nokadyndan ugrap, soňra Ata Gowşudow köçesi — Magtymguly şaýoly — A.Annaýew köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly boýunça hereket edip Senagat köçesi bilen ahyrky nokadyna barýar. Ahyrky bellige alyş nokadyndan yzyna gaýdanda bolsa awtobus Büzmeýin awtobus duralgasyndan ugur alyp, Senagat köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — A.Anaýýew köçesi — Magtymguly şaýoly — Atamyrat Nyýazow şaýoly — Mäti Kösäýew köçesi bilen hem Teke bazardaky soňky duralgasyna gaýdyp gelýär.
- 80-nji belgili awtobus Teke bazar — Büzmeýin ugry boýunça hereket edýär. Awtobus Teke bazardaky duralgasyndan ýola düşüp, soň bolsa Mahmyt Kaşgarly köçesi — Döwletmämmet Azady köçesi — Görogly köçesi — Büzmeýin şaýoly bilen Senagat köçesine, ondan hem birtaraplaýyn ahyrky nokady Büzmeýin duralgasyna gelýär. Yzyna gaýdanda bolsa Büzmeýin awtobus duralgasyndan ýola düşüp, Senagat köçesi — Büzmeýin şaýoly — Görogly köçesi — Atamyrat Nyýazow şaýoly — Mäti Kösäýew köçesi ýaly ugur bilen hereket edip, ahyrynda Teke bazardaky soňky bellige alyş nokadyna dolanýar.
Maglumatlar üçin telefon belgileri: +99312443390; +99312443391; +99312443359; +99312443340.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.