TÜRKMENISTAN HALKARA ÄHMIÝETLI ÜSTAŞYR ULAG DÜZÜMINI DÖRETMEK IŞINI ÇALTLANDYRÝAR

02-11-21

Türkmen ilinde her bir günümiz ajaýyp wakalara beslenýär. Ýüreklerimiz umman deýin joşup, göwünlerimiz kalpdagynyň çürbaşynda galkynýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda asly nurdan bolan mähriban halkymyzyň ak arzuwlarynyň wysal tapmagydyr. Halk, Watan bähbidi bolsa hormatly Prezidentimiziň mydama ileri tutýan baş aladasydyr.

Türkmen telekeçileri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan milli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýarlar.Ata Watanymyzyň ykdysady galkynyşynyň barşynda bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek wajypdyr. Bazar gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça telekeçiligi ösdürmek ýoly bilen ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrýan serişdedir. Telekeçiligiň ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegi öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi güýçlendirýär. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depgin bilen ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň hyzmaty uludyr.

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçiligiň ösüş depgini, onuň wekilleriniň ýerine ýetiren işleriniň,şol sanda gurluşyk işleriniň gerimi örän täsirgaldyrýar. Diýarymyzyň gurluşykçylarynyň ýokary hünär ussatlygy, takyk guramaçylyk ukyplary diňe ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem köpden bäri bellidir. Iri we örän jogapkärli taslamalar hususy kärhanalaraynanylýar. Şol taslamalaryň hatarynda ýokary tizlikli, uzynlygy 600 kilometre golaý bolan Aşgabat–Türkmenabat awtobanyň gurluşygydyr.

Türkmen halky üçin ýol, köpri gurmak gadymy döwürden bäri sogaply iş hasaplanyp gelipdir. Halkymyzyň keramatly saýan zatlarynyň biri – ýol. Uzak ýola düşene ýa-da bir maksada berlip, haýyr işi ýüregine düwene ak ýol arzuw edilýär. Ýol – ulus-iliň ýöreýän ýeri. Il ýörän ýol mukaddesdir.Taryhyň jümmüşinde kerwen ýollary biziň topraklarymyzyň üstünden geçip gidipdir. Ähli ýollaryň çatrygy – biziň Watanymyzdyr. Bu ýollar beýik-beýik medeniýetleriň döremegine getirdi. Gündogaryň ruhy-medeni galkynyşlary hem, Günbataryň maddy-medeni ösüş taryhy hem şu ýollar bilen baglanyşykly. Bu ýollar adamzadyň täze asyrynda has täze röwüşe we ýene-de öňküsi ýaly uly mana eýe bolýar.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasynda amala aşyrylýan sogaply işler uly depginler bilen dowam edýär. Ýurdumyzda ýol-gurluşyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şäherleriň we obalaryň önümçilik kuwwatlyklary ösmegi bilen ýurdumyzda ýollar ulag düzüminiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäklerinde sebitiň ýol ulag ulgamyny ösdürmek maksady bilen gurulan we gurluşygy alnyp barylýan awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri aýdyň şaýatlyk edýär.

Geljekki ýoluň ilkinji onlarça kilometrlerinde geologik we topografik barlaglar geçirildi. «Türkmen Awtoban» ÝGPJ-niň potratçylary alymlar, taslamaçylar, Türkmenistanyň pudaklaýyn institutlarynyň we döwlet kärhanalarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda inženerçilik desgalaryň ýerleşýan ýerleriniň umumy çyzgysyny we ýoluň tehniki aýratynlyklaryny işläp taýýarladylar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag üçin hereket zolagy we bir ätiýaçlyk zolagy bolup, garşylyklaýyn ugurda hem şu zolaklar bolup, ýoluň umumy ini 34.5 metre barabar bolar. Ýol hereketiniň aýry ugurlarynyň arasyny bölýän howpsuzlyk zolagy hem göz öňünde tutulandyr.

Ýurdumyzyň içki ýol ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi,olaryň üsti bilen ýolagçylary we ýükleri gatnatmagyň döwrebap ulgamyny gurnamaklyk Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň üçin amatly şertleri döreder.Şu maksat bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran 1033 belgili Karary esasynda ýurdumyzyň çar tarapyna uzalýan möhüm we taryhy gurluşyklaryň biri bolan Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy başlandy. Halkara tejribesine laýyklykda, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşleriniň esasy özeni sebit we halkara derejesinde deňiz-derýa, awtomobil, demirýol we howa ulaglarynyň her biriniň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga şertleri döredýän sazlaşykly ulag ulgamynyň emele gelmegidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara üstaşyr üçin amatly geçelgeleri döretmek bilen, şolara baý serişde binýatly içki çäklerimizi birikdirmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belleýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň iri senagat merkezlerini gurşap alýan we gatnawyň ýerüsti, howa we suw ýollarynyň iň bir amatly guralyşyny göz öňünde tutýan multimodal logistika ulgamy döretmek bu işe gönükdirilendir. Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz porty ýük daşamakda sarp edilýän wagty hem-de aralygy gysgaltmaga has amatly mümkingilikleri döredýän deňiz portunyň taslamasynda Günorta we Gündogar ugurlardaky Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady merkezlerine çykmak arkaly ulag düzümini giňeltmek we ulag-logistiki ulgamyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda demir ýoluň, derýanyň, awtomobil ýollaryň, sil akabalarynyň, zeý suwly kanallaryň üstünden geçýän birnäçe köprüler we desgalar gurlar. Bulardan başga-da, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeler, jandarlar üçin ýörite geçelge ýollary hem gurlar. Ýoluň ugrunda tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleri, ýangyç guýulýan beketler, ulanyş gullugynyň binalary, kempingler, naharlanyş nokatlary, ulaglar üçin duralgalar, giriş-çykyş nokatlary, töleg merkezleri aragatnaşyk ulgamynyň binalary hem gurlar.

Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzak möhletli häsiýete eýedir. Sebäbi ýurdumyzyň çäklerinde ysnyşykly halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işine hyzmat etmäge niýetlenen sebit we dünýä ähmiýetli iri ulag çatryklaryny döretmek üçin döwletimiziň geografik taýdan amatlyklaryny we logistik mümkinçiliklerini doly peýdalanmak zerurdyr. Munuň özi eziz Watanmyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyrylşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder. Täze ýokary tizlikli ýoluň degişli böleginde Aşgabat — Kaka, Aşgabat —Duşak we Aşgabat — Tejen şäherara ugurlary boýunça awtobus gatnawlaryny hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy — Artyk, Türkmenbaşy — Sarahs, Türkmenbaşy — Ymamnazar, Türkmenbaşy — Farap we beýleki birnäçe ugurlarda üstaşyr ýükleri daşaýan awtoulag serişdeleriniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoly logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr-ulag düzümlerini giňeltmäge we daşary söwda dolanşygyny artdyrmaga ýardam eder. Munuň özi milli awtoulag birleşmeleriniň we guramalarynyň bähbitlerini birleşdirýän Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” ulag geçelgesini gurmak boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky Halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan TRASEKA hem-de bütin dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistika guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga degişlidir. Bularyň ählisi esasan transmilli ulag geçelgesiniň üpjün edilmegi bilen baglylykda aýratyn möhümdir.

Şeýlelik-de, munuň özi Türkmenistanyň netijeli ulag diplomatiýasynyň dünýä derejesinde ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol diplomatiýa rowaçlygy gazanmakda hem-de bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin ählumumy şertleri döretmekde özara ýakyn, durnukly ulag ulgamlarynyň möhümdigi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüşlere beslenen maksatlaryny özünde jemleýär.

Arkadag Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan beýik ösüşler döredijilik mümkinçiligini artdyrýar, aň-bilim derejesini ýokarlandyrýar, hünäri kämilleşdirmäge, halal zähmet çekmäge, ukyp-zehini ýüze çykarmaga höwesi we islegi güýçlendirýär. Watanymyzyň abraý-mertebesiniň hem-de ösüşlerimiziň beýgelmeginiň hatyrasyna yhlasly okamak, joşgunly zähmet çekmek her bir raýat üçin mukaddes borçdur we belent derejedir. Halkymyzyň eşretli ýaşaýyş-durmuşy ugrunda taýsyz aladalary edip, täze üstünliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

168622a9b7ac01.jpeg
Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi.


168622575321bb.jpeg
Arkadag şäheriniň şanyna

29-njy iýunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi.


168623261cdbbe.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, karar edýärin:


16861112a223e7.jpeg
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.


1685e23dc5c8c4.jpeg
Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär

Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.