Paýtagtymyzda täze awtobus ugurlary ýola goýuldy
29-10-21
«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapynadan raýatlara edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen agentligiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy raýatlarymyzyň awtomobil gatnawyna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, täze 85, 86, 87, 88-nji awtobus ugurlaryny ýola goýdy. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.
85-nji «Büzmeýin — Güneş» ugry boýunça awtobus «Büzmeýin belleniş nokadyndan ugraýar, Senagat köçe — Gurbansoltan eje şaýoly — Olimpiýa köçe — Oguzhan köçe — Gündogar köçe bilen hereket edip, Ýaşaýyş jaý toplumyndan yzyna aýlany Ahal köçe — Diýar köçe — Güneş köçe — Gurbansoltan eje şaýoly — Senagat köçe bilen hereket edip, «Büzmeýin» belleniş nokadyna gelýär.
86-njy «Büzmeýin — Köpugurly hassahana» ugry boýunça awtobus «Büzmeýin» belleniş nokadyndan ugraýar. Senagat köçe — Ýeňiş seýilgähi köçe — J.Hansähedow köçe — M.Garryýew köçe — Gurbansoltan eje şaýoly — Olimpiýa köçe — Ýaşlyk köçe — Azatlyk köçe — Korneýew köçe — Gündogar köçe — Oguzhan köçe — Günbatar köçe — Ahal köçe bilen hereket edip, Ýetginjekler mekdep internatyndan yzyna aýlanyp Ahal köçe — Gündogar köçe — Korneýew köçe — Azatlyk köçe — Ýaşlyk köçe — Olimpiýa köçe — Gurbansoltan eje şaýoly — M.Garryýew köçe — J.Hansähedow köçe — Ýeňiş seýilgähi köçe — Senagat köçe bilen hereket edip, «Büzmeýin» belleniş nokadyna gelýär.
87-nji «Büzmeýin — Garadaşaýak» ugry boýunça awtobus «Büzmeýin» belleniş nokadyndan ugraýar Senagat köçe — Kolhozçy köçe — Kemine köçe — J.Hansähedow köçe — Seýdi köçe — Alp Arslan köçe — Altyn asyr köçe — Aşgabat köçe bilen hereket edip, yzyna Garadaşaýak köçe — Magtymguly köçe — A.Batyrow köçe — Seýdi köçe — J.Hansähedow köçe — Kemine köçe — Kolhozçy köçe — Senagat köçe bilen hereket edip, «Büzmeýin» belleniş nokadyna gelýär.
88-nji «Büzmeýin — Garadaşaýak» ugry boýunça awtobus «Büzmeýin» belleniş nokadyndan ugraýar Senagat köçe — G.Orazow köçe — Ýeňiş seýilgähi köçe — M.Garryýew köçe — J.Hansähedow köçe — Magtymguly köçe — Büzmeýin köçe — Geňeş köçe — Kesearkaç köçe bilen hereket edip, yzyna J.Hansähedow köçe — M.Garryýew köçe — Ýeňiş seýilgähi köçe — G.Orazow köçe — Senagat köçe bilen hereket edip, «Büzmeýin» belleniş nokadyna gelýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-90, 44-33-91.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.