“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ykjam goşundysyna ýükleri daşamak hyzmaty girizildi
25-10-21
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ykjam goşundysynda ýükleri we ýollamalary daşamak hyzmaty ýola goýuldy. “Ýükleri daşamak” düwmesi goşundynyň baş sahypasyndaky “Beýlekiler” bölümçesinde ýerleşdirilendir.
Ykjam goşundynyň täzelenmesi eýýäm “Google Play” we “AppStore” internet dükanlarynda goýuldy.
Goşundynyň üsti bilen ýük ugratmagy ýola goýmak üçin ýüküň iberiljek şäherini, şeýle hem eltmeli salgyny, alyjynyň telefon belgisini we maglumatlaryny girizmek ýeterlikdir.
Eltip bermek hyzmatynyň tölegini goşundy arkaly geçirmek üçin bolsa ýüküň agramyny we göwrümini görkezmeli. Ýüki ýollamak üçin howa menziline eltmek zerurdyr.
Bu hyzmat Türkmenistanyň 5 sany iri howa menzilinde amala aşyrylýar.
Mundan öň, 2021-nji ýylyň gyşynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy AGPJ howa gatnawlary arkaly hatlary we ýollamalary eltip bermek hyzmatyny ýola goýupdy. Ýollamalar göwrümi boýunça biri-birinden tapawutly bolan ýörite gaplarda ugradylýar.
https://turkmenportal.com/tm/blog/40728/turkmenistan-awiakompaniyasynyn-ykjam-goshundysyna-yukleri-dashamak-hyzmaty-girizildi
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.