SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
18-10-25
Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygy ähli zatdan ýokarda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça kabul edilen maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini pugta berjaý etmekden, ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar.
Maksatnamada ilatyň arasynda sagdyn iýmitlenmegiň saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýandygy barada düşündiriş işlerini geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny we beden taýdan işjeňligiň möhümdigini wagyz etmek boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmagy esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işlerde maglumatlar we guramaçylyk-usuly taýdan goldaw bermek, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçiligi üpjün etmek, şeýle hem her bir raýatda sagdyn we dogry iýmitlenmegi öwretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň görkezmelerini we halkara kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlamak we keselleriň öňüni almak, ekologiýa we arassaçylyk talaplary pugta berjaý etmek, ýurdumyzda azyk önümçiliginiň, tebigy howa şertlerinde sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini we usullaryny ylmy taýdan öwrenmek babatda gysga döwürde uly işler amala aşyryldy. Pasyllaryň çalyşmagy bilen adam bedeninde belli bir derejede täsirler duýulýar.
Häzirki wagtda howanyň ýagdaýyna seljerme geçirilmäniň netijesinde, howada tozanyň agdyklyk edýändigi sebäpli adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyz ýagdaýlaryň döreýändigi hemmämize mälimdir. Howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek we howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynda, bazarlarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we beýleki ilata hyzmat edýän edaralarda raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdelerini, ýagny agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar. Şeýle-de, allergiýa we dowamly keselleri bolan adamlara hem öňüni alyş serişdeleri ulanmaklyk maslahat berilýär.
Güýz paslynyň ortaky aýynda howanyň salkyn bolmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidirler. Ýygy-ýygydan elleriňizi sabynlap ýuwmaly, howpsuz aralygy saklamaly we agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Ilatyň saglygyny kesgitleýän esasy maksatlarynyň biri hem iýmit bolup durýar. Adam üçin saglykdan gymmatly zat ýok. Ýaşaýşyň ähli üstünlikleriniň sakasynda saglyk dur. Türkmenler gadymy döwürlerden bäri ruhubelent we sagdyn durmuş ýörelgesine eýeren halk hökmünde bellidir. Olar çaga terbiýesine, şol sanda naharlanmak edebine-de uly üns beripdirler. Sagdynlygyň esasy girewi — adamyň iýmitine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine bagly bolup durýar. Biz her hili zyýanly endiklere hem ýol bermeli däldiris. Sagdyn durmuş ýörelgesine her bir adam ýaşlygyndan başlap, ony yzygiderli dowam etdirmelidir. Beden hem-de ruhy arassalygyny hemişe berjaý edip, ýeterlik hereketde bolmaly we kadaly iýmitlenmeli.
Halkymyzyň saglygyny berkitmäge, dürli keselleriň öňüni almaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilen beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Goý, mähriban halkymyzyň saglygyny üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Zöhre TEJENOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň assitenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.