Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy
03-11-24
Pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny, asylly däp dessurlaryny ýaş nesle öwretmek we dowam etdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň işgärleriniň öňe sürýän baş maksatlarynyň biridir. Ruhy ösüşimizde halkymyzyň meşhur şahsyýetleriniň edebi hem ruhy mirasyny öz halypaçylyk sapaklarymyzda talyplara öwretmegimiz ýokary görkezijileriň biri bolup durýar. Esasan-da şöhratly meşhurlarymyzyň biri, külli türkmeniň söz sungatynyň elýetmez ussady,dünýäniň öňüni we soňuny beýan eden, bitewi döwlet gurmak baradaky parasatly pikirleri şygyr setirlerine geçiren Magtymguly Pyragydyr.
Magtymguly diňe beýik şahyr bolman, eýsem, ol beýik türkmen pedagoglaryň, halypalaryň biri bolup, onuň galdyran edebi mirasy häzirki döwürde terbiýe mekdebi bolup durýar. Onuň her bir sözi gaýtalanmajak durmuş wakasyny beýan edýär. Şahyryň döredijiliginiň özeni bolup durýan meseleleriň biri-de, ösüp gelýän ýaş nesli söz edebi bilen terbiýelemek meselesidir.
Beýik şahyr Magtymgulynyň döredijiliginde adamlarda ýüze çykýan ýaman gylyk-häsiýetleri tankyt edilýän goşgular köp. Şolardan “Mal ýagşy”, “Nas atan”, “Çilimkeş”, “Naskeş”, “Çilim”, “Çilim çekmegil”, “Munda”, “Gybatkeş” – diýen goşgularynda gowy gylyk häsiýetleri terbiýelemek, ýaman gylyk häsiýetlerden çetleşmek barada gürrüň berilýär.
Beýik şahyryň terbiýe beriji goşgularynda ýaman adamy dogry ýola gönükdirmeklige köp üns berilýär. Ýaman gylyk – häsiýetleri berk tankytlamak bilen, Magtymguly şeýle adamlary dogry ýola çagyrýar: Mysal üçin ol, “Gybatkeş” – diýen goşgusynda
Ruzy – magşar şikaýat eder tilinden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş!
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günuň, gybatkeş! –
diýmek bilen, gybatkeşi ýaňadandan terbiýelemek isleýär. Çünki, gybatkeşlik iň bir ýaramaz häsiýetleriň biridir, ol ýary – ýardan, dosty – dostdan aýyrýar.
Magtymguly özüniň “Mal ýagşy” diýen goşgusynda şeýle diýýär:
Adam bolup, adam gadryn bilmeen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeen,
Ondan ýene sözlemeen lal ýagşy.
Bu sözler adamlaryň gep geplän wagty pikirlenip dogry geplemelidigini düşündirýär.
Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşyň ähli taraplary suratlandyrylýar. Haýran galdyrýan zat hem ýaman, gylyk häsiýetleri paş edýän goşgularyň biziň şu günümizde uly orun tutýar. Ýaş nesli durmuşyň talabyna görä terbiýelemekde ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryndan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir çykyşynda pähim-paýhaslarynda Watana wepaly, Watany söýýän ýaşlary terbiýelemeklige, milli däp-dessurlary, halk döredijiligini ulanmagy görkezýän ündewlerinden ugur alyp, gündelik geçýän nyzamlarymyzda hem-de her hepdäniň çarşenbe günleri geçirilýän halypaçylyk sapaklarymyzda bilim alýan talyplaryň ýokary bilimli, öz işine ökde, Watana wepaly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin wagyz-nesihat işleri yzygiderlikde alnyp barylýar.
Döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän aladalary bimöçber. Okamagymyz, işlemegimiz üçin üçin ähli amatlyklary bolan ýokary okuw jaýymyzda ähli mümkinçilikleriň bolmagy bizi Watanymyzy ýürekden söýüp, oňa hyzmat etmäge borçly edýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Wepamuhammet REJEPOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.