«Sanly çözgüt — IT meýdança» – tehnologik täzelikleriň okuw merkezi
23-10-21
Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, IT ulgamynda taslamalary döretmek we tehnologiýa oýlap tapmalary durmuşa geçirmek babatynda degişli işler amala aşyrylýar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýaşlaryň bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen okuw merkezi bolup durýar.
Bu merkezde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegi boýunça döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzýän ýaşlara ýörite okuwlar geçirilýär. Degişli hünärmenler tarapyndan ýaşlara häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan okuw binasynda IT pudagynyň ösüş depgini esasynda resminama dolanyşygynyň elektron ulgamyny kemala getirmek, maglumat binýadyny we internet portalyny kämilleşdirmek, bulut serwerini ornaşdyrmak, olaryň durnukly işlemegini üpjün etmek, howpsuzlyk çärelerine aýratyn üns bermek ýaly tehnologiýa döwrüniň talaplaryna kybap gelýän köpugurly bilim berilýär.
«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň baş maksady ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň täzeçe ösüşini kemala getirmek, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak, ilata edilýän hyzmatlary doly sanlylaşdyrmak, ýerli elektron söwdany artdyrmak ýaly wezipelerini özünde jemläp, ýaşlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde bilim alýan zehinli ýaşlar tarapyndan yzygiderli programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär we ýurdumyzyň dürli pudaklaryna üstünlikli ornaşdyrylýar.
Ýakynda bu jemgyýetde bilim alýan ýaşlar tarapyndan «Himiýa öwren» taslamasy işlenip taýýarlandy. Onda ýaş höwesjeňler wirtual barlaghanada himiýa elementleri bilen tejribeleri geçirip bilýärler. Şeýle-de, «Onlaýn market» atly işlenip düzülen taslama boýunça elektron söwdasyny amala aşyryp bolýar. «Sorag-jogap» atly täze programma bolsa mugallymlaryň talyplary we owuçylary bilen sanly arabaglanyşyk saklamaklaryny üpjün edýär.
Mundan başga-da, «Meniň Watanym Türkmenistan» atly kitabyň elektron görnüşiniň işlenip düzülmegi ýaşlara ykjam telefon arkaly hem bilimler dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýär. «Android» ykjam telefonlar üçin niýetlenen «Zehinlije» programma goşundysy arkaly kiçi ýaşly bilesigelijiler özleri üçin bilim dünýäsini açyp bilerler, çünki bu ýerde dürli ugurlardan sowallar ýerleşdirilip, çagalaryň gyzyklanýan soraglary sada sorag-jogap görnüşinden, barha çylşyrymlaşdyrylyp beýan edilýär.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan aragatnaşyk torlarynyň çäksiz mümkinçiliklerinden milli ýörelgelerimiz esasynda peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşýan täze pikirler esasynda programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlaýan, ylmy açyşlary, oýlap tapmalary işläp düzýän zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarmak maksady bilen, her ýyl «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşigi geçirilýär.
Bu bäsleşigiň dowamynda hem sanly ulgamy özgertmek boýunça täze pikirleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da amatlaşdyrjak oýlap tapmalary işläp düzýän zehinli IT hünärmenler ýüze çykýar. Ýaş zehinleriň işläp taýýarlaýan taslamalary ýurdumyzyň ähli dolandyryş edara-kärhanalaryna we jemgyýetçilik durmuş şertlerine giňden ornaşdyrylýar.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmeni.
TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Mälim bolşy ýaly, ýakynda parahat ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Bu baýramyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň täze neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby şanly baýrama uly sowgat boldy.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
19-njy dekabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Özbegistan Türkmenbaşy porty arkaly Ýewropa ýük konteýneri gatnawyny ýola goýdy
“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda Özbegistandan Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly yzygiderli ýük konteýner gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada “Uztemirýulkonteýner” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi
Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.