SAGDYN NESIL— SAGDYN GELJEGIŇ ÖSÜŞIDIR
14-05-25

Türkmenistan Watanymyzyň ösüşlerine badalga beren hormatly Prezidentimiz beýleki ugurlar bilen birlikde ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, ahlak taýdan kämil bolmagy barada yzygiderli alada edýär. Ylym ojaklarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarydyr desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halky saglygyň gadryny bilýän, sagdyn durmuşa hormat goýýan halkdyr. Saglygyň sakasy bolan sporty we bedenterbiýäni ösdürmek «Saglyk» döwlet maksatnamasynda, ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalarda öz beýanyny tapan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwletiň baş baýlygy bolan ynsan saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli dowam etdirmegiň halkymyz üçin iňňän wajyp wezipedigi barada aýratyn durup geçmek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty has-da ösdürmäge ýardam bermegi ähli ýolbaşçylaryň öňünde esasy wezipe edip goýdy. Milli Liderimiziň hut özüniň sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmekde görelde bolmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar we olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Bedenterbiýe – munuň özi her bir ynsanyň öz bedenini sagdyn hem çeýe saklamagyny aňlatsa, sport — eýýäm haýsydyr bir görnüşi boýunça öz başarjaňlygyny, erjelligini we ussatlygyny görkezmek üçin saýlanyp alnan bir ugurdyr.
Häzirki gün ýurdumyzda gurlan stadionlarda sport bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilip durulýanlygy, ýaş türgenleriň taplanýandyklary, galybersede, olaryň görkezýän netijeleri türkmen sportunyň ajaýyp geljeginden habar berýär. Uzak aralyga ylgamak, dürli päsgelçiliklerden geçmek, agyr atletika, türkmen göreşi, futbol, woleýbol, tennis, garaz, sportuň haýsy görnüşini alanyňda hem onuň ynsan saglygyny berkitmekde, güýç kuwwatyny artdyrmakda, ruhuny belende götermekde belli ähmiýeti uludyr.
Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuşyň tarapdary hem-de giňden wagyz edijisi bolmak bilen, hemişe özüniň beden taýdan sagdyndygyny görkezip, öz halkyna we ýaşlara nusga bolýar. Aýratynam, adamlaryň sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmaklary üçin alada edýär. Çünki sagdyn nesil sagdyn geljegiň, durnukly ösüşiň kepilidir. Ýaşlar üçin şeýle uly şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Seide BAZARBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.