Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň gurluşygy ýakyn günlerde tamamlanar
21-10-21
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran Kararyna laýyklykda şol ýylyň 24-nji ýanwarynda gurluşygynda badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 1-nji tapgyry, ýagny Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada «Rysgal» gazetinde habar berilýär.
Bu ýokary tizlikli, halkara derejeli ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr çemesi bolup, 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ol tehniki taýdan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomagistral derejesindedir. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi 3,75 metr.
Awtobanyň gurluşygynda öňdebaryjy tehnikalar hem-de innowasion tehnologiýalar ulanylýar, işiň hiline aýratyn üns berilýär. Onuň uzaboýuna işler tapgyrma-tapgyr dowam edýän «Altyn nesil», «Edermen» hojalyk jemgyýetleri, «Ata Melhem» hususy kärhanasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdar-potratçylarydyr. Ýol gurluşygynda ýörite tehnikalaryň we awtoulaglaryň 2 müň 500-e golaýy işledilýär, gurluşykçylaryň müňlerçesi yhlasly zähmet çekýär. Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasy maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.
Ýoluň Aşgabat — Tejen aralygynyň uzynlygy 203 kilometrdir. Onuň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi. Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, 1-nji hem-de 2-nji dag daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetr bolup, 3-nji hem-de 4-nji gatlara degişlilikde 20 santimetrden düşeldi, ýagny daş-çagyl düşeginiň jemi galyňlygy 1 metre barabardyr. Soňra 3 gat — 1-nji gatyna 10 sm, 2-nji gatyna 7 sm, 3-nji gatyna 5 sm galyňlykda asfalt düşeldi.
Şu aralykda dürli görnüşli köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedlerdir (uly ýola münelge-düşelgeler) monolit köprüleriň gurluşyklary doly ýerine ýetirildi. Düri ölçegdäki suw geçirijileriň 76-sy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-sy, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-si guruldy. Demir päsgelçilik germewi hem-de daşky gorag gözenegi çekildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin halkara standartlara laýyk çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary we ýangyç guýujy beketler guruldy. Şeýle-de ýol ugrunda uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyrylýar. Gözegçilik, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamy döwrebap enjamlaşdyrylýar.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.