TUTANÝERLI ZÄHMET ÜSTÜNLIGE RUHLANDYRÝAR

20-10-21

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň Ulaglary bejeriş ussahanasynda dürli kesp kärli işgärler awtoulaglary ýokary hilli abatlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň ýerine ýetirýän işleriniň netijeleri zerur ýükleriň bellenilen ýerlerine öz wagtynda eltilmegini we ýolagçy gatnawyny ýokary hilli guramakda tutuş toplumyň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegini şertlendirýär. Awtomobil ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Pudagyň ulag parkyny berkitmek üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan satyn alynýan döwrebap ýolagçy we ýük ulaglary, awtobuslardyr taksiler raýatlarymyza bökdençsiz hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli ösüşler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň  agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň halk üçin edýän aladalaryny goldap, tutanýerli zähmet çekýärler.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda "Lebapawtoulag" önümçilik birleşiginiň sürüjileri kärhanada bar bolan dürli kysymly tehnikalaryň abat ýagdaýda bolmagyny gazanmak maksady bilen, olara talabalaýyk derejede tehniki taýdan hyzmat edýärler. Ýükleri daşaýan ulaglaryň abatlyk ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Sürüjilerimiz  daýhan birleşiklerde  pagta hasylyny daşamakda, şeýle-de beýleki zerur ýükleri bellenen möhletinde eltmekde ýadawsyz hyzmat edýärler. Bu möhüm işe birleşigimiziň mehaniki-abatlaýyş ussahanasynyň başarjaň işgärleri hem öz goşandyny goşýarlar. Biziň üçin esasy zat abatlanan her bir ulagyň köp wagtlap umumy işe hyzmat etmegidir. Şonuň üçin bu meselä örän ünsli hem-de ýokary jogapkärçilikli çemeleşýäris.

Şanly ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda geçilen şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Gurlan we gurulýan häzirki zaman, awtoulag toplumlary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňden görüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda önümçilik birleşiginiň ulaglar parkynyň düzümini «Iran Khodro», «Hyundai», «Toyota», «PAZ», «Kamaz», «Yutong» kompaniýalarynyň kämil awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň abadan durmuşda ýaşamagymyz, döredijilikli zähmet çekmegimiz üçin edýän ýadawsyz aladalaryndan, döredýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, geljekde has yhlasly we maksada okgunly zähmet çekeris.Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.