Howa hereketini dolandyrmak – uçuşlaryň howpsuzlygynyň özeni
19-10-21
20-nji oktýabr awiadispetçerleriň halkara güni
1961-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Amstredam şäherinde Howa hereketini dolandyrýjylar birleşiginiň Halkara federasiýasy (IFATCA-International Federation of Air Traffic Controllers' Associations) döredildi. Bu waka howa ulagynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Şunuň bilen baglylykda dünýäniň köp ýurtlarynda her ýylyň 20-nji oktýabry howa hereketini dolandyryjy hünärmenleriniň hünär baýramçylygy - Howa hereketini dolandyryjylaryň (awiadispetçerleriiň) halkara güni hökmünde bellenilýär.
Raýat awiasiýasynda ýük we ýolagçy howa gatnawlaryny häzirki zaman görnüşinde dolandyrmagyň düzgünleri IFATCA döredilenden soň emele geldi. Häzirki wagtda bu halkara federasiýa dünýäniň dürli künjeklerinden 50 müňden gowrak howa hereketini dolandyryjy hünärmenlerini öz içine alýar.
Asmanda ýolagçylaryň howpsuzlygy diňe bir uçarmanlara, uçarlaryň ygtybarlylygyna, awiakompaniýanyň tehniki işgärlerine däl, eýsem howa hereketini dolandyryjylara-da baglydyr. Bu hünäriň wekillerine ägirt uly jogapkärçilik ýüklenýär. Bu hünärmenler diňe bir öz hünär ussatlyklary bilen çäklenmän, eýsem ýörite psihologiki taýýarlygy hem talap edýärler.
Stres ýagdalarynda durnuklylyk,jogapkärçiligiň ýokary duýgulary,öz ünsini dolandyryp bilmek başarnygy, gowy sagdyn bolmaklyk özüniň işiniň ähli dowamynda howa hereketini dolandyryjy hünärmeniniň esasy aýratynlygydyr.Howa hereketini dolandyryjy- dispetçer enjamlarynyň işleýiş prinsiplerini,howa gämileriniň tehniki häsiýetnamalaryny,daşary ýurt (iňlis) dilini, hökmany bilmelidir. Onuň zähmeti howa gämisiniň ekipažynyň hem-de aerodromyň we howa menziliniň gulluklarynyň işi bilen berk baglanyşyklydyr.
Bu hünärmenler uçaryň hereketine hereketlendirijiniň işe başlan pursatyndan, uçup niýetlenen aerodromda gonandan soň uçar duralgasyna sürüp, baryp durup, hereketlendirijisiniň işini duruzýança gözegçiligi amala şyrylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde howa ulagy pudagynyň ýokary depginli ösüşini gazanmakda hem uly aladalar edilip, halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» esasynda bu pudagyň işini özgertmek babatda köp sanly işler durmuşa geçirildi. Uçuşlaryň howpsuzlygyny we Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmasyny üpjün etmek üçin demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary girizilýär, bu bolsa howa gatnawlaryň depginliligini artdyrmaga mümkiçilik berýär.
Howpsuz aeronawigasion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri «Thales» öňde baryjy fransuz kompaniýasynyň howa hereketini dolandyrmagyň radiolokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki günde ýurduň howa giňişliginde Howa hereketini dolandyryş gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýalarynyň howa gämilerine hyzmat edilýär.
Häzirki wagtda raýat awiasiýa pudagyn üçin ýokary bilimli Howa hereketini dolandyrýjy hünärmenleri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem-de ýörite orta bilimli hünärmenleri bolsa “Türkmenhowaýollary “ agentliginiň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde taýýarlanylýar. Şeýle hem Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan raýat awiasiýa pudagynda howa hereketini dolandyrýjy hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, bu işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuwlar yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistan döwletimiziň milli raýat awiasiýasy ulgamynda gazanylýan mynasyp ösüşler hormatly Prezidentimiziň ilkinji nobatda türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşaýşy üçin edýän işleriniň netijesidir. Biziň eşretli ýaşamagymyz, döwrebap syýahat etmegimiz, joşgunly zähmet çekmegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, işleri rowaç belent başy aman bolsun!
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.