AŞGABAT — GELJEGIŇ ŞÄHERI

19-05-25

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen kalbyňa şatlyk çaýýar. Şäheriň keşbi tebigatyň görki bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, esasy syýasy, ykdysady we işewürligiň halkara merkezine öwrüldi. Deňi-taýy bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly muzeýleriň, sergi köşkleriniň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygyny emele getirýän Aşgabat myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär. «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň eýesi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzyň şäher gurluşygyny dünýä ülüňülerine laýyk derejede ösdürmekde, paýtagtymyzy mundan beýläk hem belent sepgitlere ýetirmekde alyp barýan döwlet syýasatynyň netijeleri görenleri haýran edýär.

Ak şäherimiziň gözellik dünýäsi, milli öwüşginli ak mermer lybasy lowurdap duran türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin berýär. Günsaýyn özgerýän baş şäherimiziň dünýä nusgalyk keşbini ähli amatlyklary, her biriniň özboluşly gözelligi bolan ýaşaýyş jaýlary, ýaşlara bilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, halkara ülňülerde gurulýan giň we häzirki zaman şaýollary, ak mermerli binalar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport toplumlary, medeni maksatly binalar, lukmançylyk merkezleri we suw çüwdürimleri, täze ekilen müňlerçe düýp baglary we ajaýyp gülleri bilen göwünleri galkyndyrýan seýilgähler, ýaşyl bossanlyklar muňa aýdyň mysaldyr.

Bu gün paýtagtymyz halkara derejeli duşuşyklaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Her ýyl dürli ugurlar boýunça halkara derejesinde geçirilýän maslahatlara, forumlara, sergilere dünýä döwletleriniň onlarçasynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Biziň döwletimiz özüniň daşary syýasatynda hemişe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deň  hukuklylyga daýanýar. Paýtagtymyzyň halkara syýasy işjeňlik derejesi biziň dost-doganlyk, parahatçylyk, asudalyk ýörelgämize şaýat bolýar. Dünýä ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tanalýan ak mermerli Aşgabadyň beýik binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel  seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de abadan durmuşyny, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar. Dürli öwüşginli gülzarlyklar paýtagtymyzyň we onuň ýaşaýjylarynyň açyk kalbyny, myhman söýerligini beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem ençeme döwrebap binalaryň açylyş dabaralarynyň şaýady bolýarlar. Täze gurlan «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklary, Halk Maslahatynyň Diwany, Kabul ediş merkezi, «Arkadag» myhmanhanasy, «Laçyn» seýilgähi, Söwda we dynç alyş işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumy — bularyň ählisini bir ýere jemläp, göz öňüne getirsek, ol tutuş bir täsin şäherçäni emele getirer. Türkmen döwleti bu gün şäherleri gurýar, bagtyýar durmuşy berkarar edýär. Şeýle hem, ähli şertler döredilen bu döwrebap desgalarda bagtyýar türkmenistanlylaryň ýüzlerçesiniň joşgunly zähmet çekýändigini, ýaşaýandygyny göz öňüne getireniňde hormatly Arkadagymyzyň beýik işlerine bolan buýsanjyň goşalanýar.

Goý, paýtagtymyz Aşgabat hemişe gözelligiň, ýagty umytlaryň, ýagty maksatlaryň nusgasy bolsun! Ýurdumyzy belent özgertmeleri we döwletli tutumlary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap alyp barýan hem-de Gündogaryň merjen şäheriniň binagärlik-gurluşyk keşbiniň has-da gözelleşmeginde yzygyderli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.