Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi

16-10-21

Maşyn terjimesiniň hyzmatlaryny özünde jemleýän Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda bellenilýär.

“Biz Microsoft Translator serwisine başgyrt, dwiweh, gruzin, gyrgyz, makedon, mongol (kirill), mongol (nusgawy), tatar, tibet, türkmen, uýgur we özbek (latyn) dillerini we şiwelerini girizdik, netijede bu serwisdäki dilleriň umumy sany 103-e ýetdi” – diýlip, Microsoft-yň habarynda bellenilip geçilýär.

Dünýä belli Microsoft kompaniýasynyň 2000-nji ýylda ýola goýlan maşyn terjime ulgamy yzygiderli döwrebap özgerýär. Bu günki günde onda has anyklyk üçin emeli neýron aragatnaşygynyň mümkiinçilikleri ulanylýar.

Microsoft Translator barada has giňişleýin maglumatlary onuň internet saýtyndan almak mümkindir.

Ýatlatsak, 2020-nji ýylda Google Translate hyzmatynda türkmen dili peýda bolupdy, Apple kompaniýasynyň iOS operasion ulgamynda bolsa ilkinji gezek türkmen dilli klawiatura ulanyşa girizilipdi.

https://turkmenportal.com/tm/blog/40489/microsoft-translator-platformasyna-turkmen-dili-girizildi

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.