HALKARA ULAG ULGAMY – ÖSÜŞE TARAP ULY ÄDIM

15-10-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamy gün günden kämilleşýär. Häzirki  wagtda ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça öňde goýulýan wezipeler toplumlaýyn çözülýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň täze innowasion ugurlarynda, senagatda, logistikada ykdysady gatnaşyklarynda, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynda döwrebap maksatnamalaryň amala aşyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly itergi berýär. Dünýäniň çarýanyna uzaýan ýerüsti we howa ýollarynyň birnäçesiniň welaýatlarymyzyň çäginden gözbaşyny alýandygyny we zerur bolan döwrebap menzilleriň gurlandygyny görkezmek bolar. Bu bolsa häzirki zaman ulag-kommunikasiýa düzümini döretmäge uly goşant boldy.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde kämil ulag  düzüminiň ähmiýeti örän ýokarydyr. Ulgamyň üsti bilen dünýä bilen ýakyn gatnaşyk etmegiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň amatly şertleri üpjün edilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelmegine hem öz täsirini ýetirýär.

Ulaglar pudagynyň tehniki düzümi hem baýlaşdyrylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna saparynyň dowamynda hem iki ýurduň arasynda ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berlip, taraplar howa gatnawlaryny tapgyrlaýyn täzeden dikeltmegi, 2022-nji ýyl üçin özara nyrh ýeňilliklerini işläp düzmek barada ylalaşdylar. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ulanmagyň geljegini mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri işläp düzmek we kabul etmek boýunça birnäçe işler alynyp barylýar.

Türkmenistanyň ulag-ýol düzümini giňeltmek ugrundaky tagallalary sebitde giňden goldaw tapýar. Ulag-aragatnaşyk düzüminiň giňeldilmegi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalanmagyna hem ýardam edýär. Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen hyzmatlaryň hili ýene-de yzygiderli ýokarlanýar, olaryň görnüşleri artýar, üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberleri köpelýär. Sanly dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň hereketiniň hakyky wagt birliginde awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylmagynda giň mümkinçilikler açyldy.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda ulag ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde tanalmak bilen, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde wajyp orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda dostluk ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamynyň ösüşiniň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.

Biz ― ulag  pudagynyň  ýaş hünärmenleri şeýle iri halkara transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize  tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, maksatlary myrat tapsyn!Arkadag Prezidentimiziň tutuş adamzadyň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

168622a9b7ac01.jpeg
Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi.


168622575321bb.jpeg
Arkadag şäheriniň şanyna

29-njy iýunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi.


168623261cdbbe.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, karar edýärin:


16861112a223e7.jpeg
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.


1685e23dc5c8c4.jpeg
Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär

Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.