Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana eksportyny artdyrar

14-10-21

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana harytlarynyň birnäçesiniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Eksport edilýän harytlaryň umumy mukdary 162 million 300 müň ABŞ dollaryna ýetip biler. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Törebaýew Tährana amala aşyran iki günlük iş saparynyň dowamynda mälim etdi.

Ministrligiň metbugat gullugynyň duşenbe güni habar berşi ýaly, seljerme esasynda Gazagystanyň Eýrana metallurgiýa, azyk, maşyngurluşygy, himiýa we derman senagaty önümleriniň eksportyny artdyrmak mümkinçiligi ýüze çykaryldy diýip, Törebaýew belledi.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolundan peýdalanmak iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berer diýip, ministriň orunbasary nygtady. Bu ugur ýylda 10 million tonna haryt geçirmäge mümkinçilik berýär.

“Eýran bu ýol arkaly Russiýanyň we Hytaýyň bazarlaryna, öz gezeginde Gazagystan hem Pars aýlagynyň ähli döwletlerine çykmaklyga mümkinçilik aldy. Bu ugur ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga oňyn täsir etdi” diýip, Kaýrat Törebaýew aýtdy.

Iýul aýynyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmegi teklip etdi. Türkmen tarapy resminamany 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda YHG-niň döredilen gününe bagyşlap Aşgabatda gol çekmegi teklip etdi.

https://business.com.tm/tm/post/7703/gazagystan-turkmenistanyn-usti-bilen-eyrana-eksportyny-artdyrar

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.