BINA BAKY BOLÝAR, BINÝAT BERK BOLSA

08-05-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň özeni milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary derejeli, ýiti zehinli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giňden ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň iň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakdan, halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuşyny, abadançylygyny hem-de fiziki, ruhy we intelektual taýdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr. Çünki hiç bir babatda dünýä siwilizasiýasyndan üzňe bolmazlyk, ýurdy, her bir pudagy, zähmet toparyny, maşgalany parahatçylygyň, sahawatlylygyň, adalatyň we ynsanperwerligiň ýoly bilen ösüşiň täze basgançaklaryna maksada okgunly alyp gitmek Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli oňyn başlangyçlarynyň esasy özenidir.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselerinde täze mazmuna eýe bolan wezipeleri öňde goýýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly ylmy-filosofiki eserinde: “Häzirki zaman jemgyýetiň hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär” diýip belleýär. Bu bolsa bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen şertlenýär.

Bilim ulgamyndaky bu tutumly işleriň milli ylym ulgamyny döwrebap dikeltmek bilen utgaşykly alnyp barylmagy ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny täze hil derejesine çykarmaga, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejedäki ukyp-başarnygy bolan hünärmenleri, şol sanda türkmen alymlarynyň täze nesillerini kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Bu gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we zehinli talyp ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen işi döwrebap ýola goýlan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen egin-egne berip alyp barýan tutumly işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.    

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talap edişi ýaly, dünýä derejesine götermek üçin hormatly Prezidentimiziň edýän uly tagallalarynyň özboluşly ýüze çykmalarynyň birem ýurdumyzyň bilim-terbiýe edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk edip pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiginden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman enjamlary, kompýuterler, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil abzallar, mebeller bilen üpjün edilen, bütindünýä internet ulgamyna birikdirilen döwrebap bilim ojaklarynynyň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerininiň gurlup, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary we ýörüte orta hünär berýän okuw mekdeplerinde ýaşlaryň ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň uzaklary nazarlaýan belent maksatlarynyň hasyl bolmagyny üpjün etjek täze nesil kemala gelýär. Şol nesliň hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen we işlenip düzülýän uzakmöhletleýin maksatnamalaryň uly üstünlik bilen durmuşa geçirilmegini üpjün etjekdigi şübhesizdir. Bilim ulgamynyň täze belentliklere çykmagy, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işi yzygiderli we üznüksiz dowam edýär. 

Şonuň bilen birlikda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklara tapgyrlaýayn geçýän şertlerinde biziň ýurdumyzyň hünär okuw mekdeplerinde dünýä tejribesinde ýörgünli bolan tölegli okuwlara geçmek hem kem-kemden ýola göýulýar. Munuň özi hem biziň döwletimiziň Konstitusiýasyna, kanunlaryna doly laýyk gelýär. Çünki gazanylýan girdejini her bir adam özüniň gowy ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanýar. Biziň talyplarymyz hem şony etmek bilen, okuwa gelenlerinde bir görnüşdäki lybaslarda gelýärler, ol lybaslary hem wagtly-wagtynda täzeläp durýarlar. Munuň özi ähli beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerine-de nusgalykdyr diýsek ýalňyşmarys. 

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren bu täze başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin bilim ulgamynyň işgärleri tutumly işleri alyp barýarlar. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyny täze hil derejesine çykarmaga giň mümkinçilikleri emele getirýär. Bu aýdylanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň geriminiň iňňän giňdigini, şonda bilim alýan talyplaryň talabalaýyk okamaklaryna hem ýaşamaklaryna ähli amatly şertleri döretmegiň üns merkezinde durýan meseledigini görkezýär.  

Ylym dünýäsine ýaňy girişen ýaş zehinleriň ylmy gözlegleriniň dowamly, bolmagyny arzuwlaýarys. Bularyň ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalarynyň durandygyny nygtamalydyrys. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.