Raýat awiasiýa ulgamy hünärmenleri üçin täze ýaşaýyş jaýlaryby ulanmaga berdi
12-10-21
Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dolandyryş merkezindäki täze ýaşaýyş jaý toplumynda 17 sany köp gatly jaýyň hem-de 70 sany kottejiň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berlipdi. Jeyhun.news-yň habar bermegine görä, 17 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň hünärmenleri üçin niýetlenendir.
Bu iki jaý ýeňillikli bank karzlarynyň esasynda bina edildi. Beýleki 15 sany jaý bolsa müşderileriň paýynyň hasabyna guruldy.
Täze jaýlaryň açarlary howa menziliniň 64 sany hünärmenine gowşuryldy. Çeşmede bellenilişine laýyklykda, täze ýaşaýyş jaý toplumy Halkara howa menzilinden uzak bolmadyk ýerde bina edilipdir. Bu bolsa täze jaý alan hünärmenleriň işlerine golaý ýerden gatnamagy üçin amatlylygy döredýär.
TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Mälim bolşy ýaly, ýakynda parahat ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Bu baýramyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň täze neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby şanly baýrama uly sowgat boldy.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
19-njy dekabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Özbegistan Türkmenbaşy porty arkaly Ýewropa ýük konteýneri gatnawyny ýola goýdy
“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda Özbegistandan Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly yzygiderli ýük konteýner gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada “Uztemirýulkonteýner” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi
Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.