Berkarar döwletimiziň awtoulaglar ulgamy kämilleşýär
09-10-21
Ýurdumyz ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly köp sanly işleri amala aşyrýar. Munda awtomobil ulaglary pudagynyň işini kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýänligini hem bellemek gerek. Awtoulag mümkinçilikleriniň açylmagy üçin yzygiderli geçirilýän netijeli hyzmatdaşlyklar möhüm orna eýedir.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman transdüzümleri gurmak bilen birlikde, halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak arkaly onuň netijeli hereket etmeginiň ýokarlandyrylmagy üçin şertleri döretmek boýunça hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitdäki ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleri ýük awtoulaglarynyň esasynda açylýar. Döwrüň ýagdaýyna laýyklykda, ulag gatnawlarynyň amal edilmegi bu ugurlar boýunça amala aşyrylyp, durnukly depginde üpjün edilýär. Awtoulaglar arkaly ýükleri daşamak işiniň häzirki güne çenli ýokary netijeleri berip gelmegi onuň milli Liderimiziň tagallalary esasynda döredilýän kämil şertleri bilen baglanyşyklydyr. Muny ýurdumyzda degişli ugruň maddy-tehniki düzümi hem doly subut edýär. Ol bolsa döwrüň, importyň we eksportyň zerurlygyna laýyklykda özgerip durýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň amal edýän işleriniň çäginde aýratyn iteriji güýç bolup maddy üpjünçiligiň ýokary derejelere göterilmegi çykyş edýär.
Golaýda Russiýanyň öňdebaryjy ýük awtoulaglar öndürijisi bolan «KAMAZ-yň» Türkmenistanda öndürijiligiň hyzmat merkezleriniň sanyny barha artdyrmagy meýilleşdirýänligi mälim boldy. Bu barada ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem beýan edildi. Kärhananyň degişli hyzmat merkezleriniň gurluşygy häzirki wagtda Mary, Türkmenabat, Daşoguz we Balkanabat şäherlerinde göz öňüne tutulyp, olaryň işini doly amal etmek meýilleşdirilýär. Şu barada bellemek bilen, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň ulag düzümini kämilleşdirmek, şonuň bilen birlikde hem ýurdumyzyň halkara ulag gatnawlaryny amala aşyrmakda esasy tehnikalaryň biri hökmünde çykyş edýän «KAMAZ» kysymly ýük awtoulaglarynyň üpjünçiligini ýeterlik derejede ýola goýmak dogrusynda aýratyn nygtaýanlygyny aýtmak gerek.
Häzirki wagtda bar bolan maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan sebitde «KAMAZ» önümlerini satyn almakda öňdebaryjy orna eýe bolup, hyzmatdaşlygyň bu ugruny ýakyn geljekde hem ýygjamlaşdyrar. Mälim bolşy ýaly, ýylda 1000 ýük awtoulagyna hyzmat etmek üçin niýetlenen ilkinji hyzmat ediş nokady Russiýanyň awtoulag öndürijisi tarapyndan 2008-nji ýylda paýtagtymyzda açylypdy. Mundan başga-da, awtoulaglar pudagynda milli Liderimiziň tagallasy bilen geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda has kämilleşdirilen, birbada köp sanly hyzmatlary amala aşyrmaga ukyply bolan Awtoulag toplumy gurlup ulanylmaga berildi. Bu özgertmeler we söwda-ykdysady gatnaşyklar pudagyň häzirki döwürde hem, geljekde hem depgini gowşatmajakdygyna şaýatlyk edýär.
Saparmyrat HANOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.