Döwletara hyzmatdaşlygyň binýady türkmen-özbek gatnaşyklary

07-10-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyz goňşy döwletleriň birnäçesi bilen köptaraply, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha berkidýär. Esasanam, serhetleşýän goňşy döwletimiz bolan Özbegistan Respublikasy bilen dost – doganlyk gatnaşyklary, dürli pudaklar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýokary depginde ösdürilýär we oňyn netijeler gazanylýar. Muňa iki döwletiň arasyndaky yzygiderli duşuşyklar we ýokary derejäki gepleşikler geçirilýän maslahatlar aýdyň şaýatlyk edýär. Gepleşikleriň her birinde döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň birnäçesi  ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýurdumyz Özbegistan Respublikasy bilen diňe bir diplomatik gatnaşyklary saklamak bilen çäklenmän, syýasy, ykdysady, galyberse-de, medeni gatnaşyklary saklamagyň çäginde  olary ösdürmäge, özgertmäge uly üns berýär. Sebitara derejesinde, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyz sebitleýin we ählumumy möçberdäki işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegini ugur edinýär.

2017-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna bolan saparynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ulag ulgamy döwletara hyzmatdaşlygyň iň ileri tutulýan ugurlaryň biridigi nygtaldy. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kuwwatly we döwrebap düzümini döretmek üçin geljekde Merkezi Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün etmegiň baş maksada ýetmäge gönükdirilen ädimlerde ilkinjileriň hatarynda boljakdygy bellenildi.

Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümini ösdürmekde Türkmenistanyň Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz ugry bilen Gara deňze çykmak arkaly beýleki döwletlere uzaýan ulag geçelgelerini bu düzümiň möhüm ugry hökmünde garamak bolar. Esasanam, 2017-nji ýylyň mart aýynda wajyp ulag--üstaşyr taslamalaryň esasynda Türkmenabat we Özbegistanyň Farap şäherleriniň aralygynda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň ulanylmaga berilmegi bu düzümiň barha kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasy bolmak bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşmegine-de, oňyn täsirini ýetirdi. Yklymlaýyn ulag geçelgelerini köpugurly esasda ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistan Özbegistan bilen Merkezi Aziýa-Hytaý ugry boýunça-da, demir ýol gatnawlarynyň mukdaryny artdyrdy.

1993-nji ýyldan bäri, diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Häzir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny 221 sany resminama düzýär. 2007-2021-nji ýyllarda iki ýurda ýokary derejede jemi 23 sany döwlet, resmi we iş  saparlary amala aşyryldy. Türkmen-özbek ykdysady gatnaşyklaryna netijeli häsiýet mahsus bolup, ikitaraplaýyn daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artandygyny bellemek gerek. Şunda bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun degişlidir. Häzirki wagta çenli bu toparyň 16 sany mejlisi geçirildi. Türkmenistan we Özbegistan medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurda dürli çäreler, şol sanda iki ýurduň Medeniýet günleri yzygiderli guralýar. Şu günlerde Özbegistan Respublikasynda geçirilýän Türkmenistanyň kino günleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý baýramynyň yz ýanynda döwlet Baştutanymyz 4-nji, 5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda resmi saparda boldy. Resmi sapar bilen baran Milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň özüniň gatnaşmagynda  “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda garşylandy. Dabaradan soň, iki döwletiň ýurt Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, duşuşygyň barşynda Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi 27-nji sentýabrda bellenilip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Ikitaraplaýyn gepleşigiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady ugurda, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky meselelere garaldy.  Resmi sapar bilen bir hatarda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi. Ykdysady forumda iki ýurduň arasyndaky duşuşyklaryň barşynda senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag pudagyna maýa goýmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň netijesinde, oba hojalygy, himiýa, dokma, elektrik, deri we aýakgap, azyk we derman senagaty, awtoulag we gurluşyk materiallary öndürmek ýaly birnäçe maýa goýum şertnamalary we söwda şertnamalary baglaşyldy. Forumda resminamalaryň 13-sine gol çekildi. Umuman, bu özara bähbitli  forumlar, resmi duşuşyklar hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga esas döretdi.

Humaý MEREDOWA, 
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy. 

16a337ada189d0.jpeg
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.


16a3377c0d616a.jpeg
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.


16a3376cef337c.jpeg
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.


16a33734d326ea.jpeg
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip

17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.


16a32266cf15a6.png
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.