SANLY BILIM – RÖWŞEN GELJEGIŇ GANATY
10-06-25

Ylym – kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň şuglasy. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Bu baýlyk ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Ylym öwrenmek arkaly ähli barlyga göz ýetirilýär. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar.
Zehin kämilligiňi açmak üçin ylym genji-hazyna bolup hyzmat edýär. Bu barada pederlerimiziň gymmatly jümleleri bar. «Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlykdyr», «Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr», «Ylma görä edilen amal abraý-mertebedir», «Ylym egsilmeýän uly hazynadyr, akyl hiç solmaýan täze lybasdyr» diýen pähimler her bir ýaş nesliň ylma çuňňur akyl ýetirmegine hemaýat berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda her bir edilýän iş ylmy esasda öwrenilip, seljerilip ýerine ýetirilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, edepli-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin, ähli oňyn şertler döredilýär. Bu bolsa ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsiniň kämil derejede bolmagyna, ony goramaga, dünýä ýüzünde abraýynyň mundan beýläk-de artmagyna özboluşly goşant goşmaga uly mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Bu Maksatnama ýurdumyzda öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegini, sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegini, önümçiligiň depginli ösüşini, dünýäniň döwrebap tejribelerini ähli pudaklarda ornaşdyrylmagyny, ylmy pikirleriň we tilsimatlaryň ulanylmagyny, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalanmagyny üpjün edýär. Diýarymyzda bilim, ylym ulgamlary bilen birlikde ähli pudaklarda, şol sanda ylmy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe düzümleýin özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ylym-bilimiň tutýan ornunyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagynyň, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmegi berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Ähli amatlyklary özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesiniň artmagyna uly täsir edýär. Döwletimiziň ýaşlarynyň ylym-bilim derejesiniň ilerlemegine mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz ylmy işi ösdürmek we barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn geçirmek hem-de olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Şol sanda ählumumy internet ulgamynyň elýeterli bolmagy üpjün edilýär hem-de elektron kitaphanalar döredilýär.
Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna, şeýle-de sanly ykdysadyýete geçmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýänligi bilen baglylykda ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki jemgyýetiň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirmek sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň we kämil hünärmenleriň taýýarlanmagy möhümdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň uludygyny her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işleri boýunça geçirilýän bäsleşiginiň netijelerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň bu ugurda aýratyn tapawutlanmagyna, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar. Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmaklary, ylmy barlaglary geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmak üçin atalyk aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Mekanmuhammet MEKANOW,
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara Ykdysadyyeti we Menejment fakultetiniň Halkara Ykdysadyýet hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Ogulgerek Alyýewa

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.