BIZ WATANYMYZYŇ SÜŇŇI HALAL, DOGRUÇYL, AGZYBIR ÝAŞLARY BOLMALYDYRYS
29-03-23
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýaş nesliň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, dünýä derejesinde ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkymyz özüniň şöhratly taryhynda hem terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklap gelýär. Ata-babalarymyz terbiýe meselesine iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny tapypdyrlar. Ahlak medeniýeti bolsa jemgyýetiň hem şahsyýetiň ruhy durmuşynyň aýrylmaz düzüminiň bir bölegidir. Ahlak adamyň özüni alyp barşyny, gylyk-häsiýetini kesgitleýän düzgünlerdir. Ol adamlaryň biri-birine, Watana, halka, jemgyýete, döwlete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär.
Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň oňat okap bilim almaklary, hünäre ugrukmaklary, döredijilik ukyplarynyň ýüze çykarylmagy, milli mirasa, ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna hormat goýýan nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesillerimizde Watana, zähmete söýgini artdyrmak, olaryň maksada okgunly, belent ahlak ruhunda terbiýelenmegini gazanmak babatdaky gelip çykýan wezipeler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ýaşlarymyzyň hünär endiklerini ösdürmegiň, olaryň zehin-başarnygyny ýüze çykarmagyň irki ýetginjeklik döwründen başlanylmalydygy barada şeýle belläp geçýär: «Ýaşlarda özbaşdaklyk endiklerini ýuwaş-ýuwaşdan kemala getirmeli. Eýýäm ýetginjeklik ýaşynda olar ulularyň durmuşyna girişýärler. Şonda hem hünäre bolan höwes has aýdyň ýüze çykýar. Eýýäm mekdep döwürlerinde dürli hünärlere ukyply ýaşlar kemala gelýärler». Şundan görnüşi ýaly, dürli ulgamlarda zähmet çekýän, gulluk edýän, okap bilim alýan ýaşlaryň hünär başlangyçlaryny, zehin-başarnyklaryny, ruhy we maddy isleglerini höweslendirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň sanly ulgama esaslanýan maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilen ylym-bilim, iş we durmuş mümkinçiliklerini artdyrmak Maksatnamada göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň biridir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda bagtyýar ýaşlaryň esasy wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Türkmeniň ruhy-ahlak, ynsanperwerlik häsiýetlerine ýugrulyp döredilen milli gymmatlyklarymyz Watany, keremli topragy, gözel tebigaty, eziz halky, ata-enäni söýmek, doganlyk mertebesi, goňşuçylyk, garyndaşlyk gatnaşyklary, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, agzybir bolmak, dost tutunmak, toý toýlamak, hatyra edebini saklamak ýaly milli däp-dessurlarymyz halkymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini, at-abraýyny has-da beýgeldýär. Halkymyzyň hut şu milli ruhy-ahlak binýady nesiller üçin hem mukaddesdir. Şol mukaddeslikler ýaşlary ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemekde uly mekdepdir.
Adamyň Watana bolan söýgüsi ata-ene bolan söýgüsi ýaly mukaddesdir. Ýaşlaryň kalbynda döreýän watançylyk duýgusy Watan düşünjesine akyl ýetirmekden hem ony kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýaşlarda taryhymyza, ata-babalarymyzyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşlerde görkezen edermenliklerine, batyrgaýlyklaryna, milli mirasymyza, maddy, medeni hem ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza bolan söýgi döretmekde hem diýseň netijelidir.
Dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek, ýaşlaryň öz zehin-başarnygyna görä hünäre ugrukmagyny gazanmak, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça amal edilmeli işler degişli resminamanyň özenini özünde jemleýär. Maksatnamada nygtalýan esasy ugurlaryň biri hem ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň sanly giňişlige uýgunlaşmagyny kämilleşdirmek bolup durýar. Ylym-bilimiň täze gazananlaryna kämil derejede erk edip bilýän ýaşlary ylmy gözleglere höweslendirmek, olaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak boýunça işler oňyn miwesini berýär.
Ýaşlar özlerine bildirilýän şeýle ýokary derejedäki ynamy ödemegi, döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy, Watanymyza, halkymyza wepaly bolup ýetişip, döwletimiziň ösüşli menzillerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy maksat edinýärler. Biz talyp ýaşlara okamaga we öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Ýaşlaryň bagtyýar geljegine, röwşen ertirlerine aýdyň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Şalar ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.