SANLY ULGAM — giň MÜMKINÇILIKler
02-10-21
Ylmyň hem tehnologiýanyň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe birnäçe döwletleriň ykdysadyýetiň sanly sektoryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, elektron senagatyň we IT-tehnologiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmekleri milli ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sanly ulgamyň möhümligini tassyklaýar.
Dünýäniň ykdysady giňişligine amatly goşulyşýan baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem bu ugruň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly «böwsüş» Türkmenistanyň bu ählumumy hadysa goşulyşmagyna zerurlyk döretmek bilen möhüm döwlet syýasaty hökmünde sanlylaşdyrmak işini milli ösüşiň meýilnamasyna girizilmegini şertlendirdi.
Baky bitarap Watanymyz döwrümizi sanlylaşdyrmak boýunça öňden gelýän we hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar hasaplanylýan «NOKIA», «HUAWEI», «Tech Investment Сo», «SSI Monaсo», «Thales Alenia», «Afghan Wireless», «Airbus», «Delta Teleсom Ltd», «Rosteleсom», «Eastwind», «Azerteleсom» we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy barha ýygjamlaşdyrýar.
Hyzmatdaşlary bilen alyp barýan ýygjam gatnaşyklary netijesinde güneşli Diýarymyzyň innowasion ösüş ýoluna düşmeginde maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda, internet we hemra aragatnaşygynyň eýýamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy adaty ugurlary hem-de olaryň ösüşiniň nusgalaryny düýpli özgertdi.
Watanymyzda esasy optiki-süýümli ulgamlaryň ikisi, ýagny Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Daşoguz — Aşgabat halkalaýyn hem-de Garabogaz — Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Kerki — Ymamnazar ulgamlary hereket edýär. Olar goňşy döwletleriň ulgamlaryna sepleşýär. Olary gurmagyň taslamalary DWDM (Dense Wavelength Division Multipleхing — dykyz tolkunlaýyn multipleksirleme) tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyryldy.
Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüşiniň ýagdaýynyň maglumat tehnologiýalarynyň we bilimleriň jemgyýetiň durmuşyndaky ornunyň artmagy bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Ykdysadyýet özgerýär, has innowasion ýagdaýa eýe bolýar, şu özgerişlikleriň esasynda bolsa ýokary tizlikli, aragatnaşyk we internet ulgamlary durýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn wagtda ylmyň soňky gazananlary esasynda sanly hyzmatlarynyň has-da kämilleşdirilmegine, täze sanlylaşdyrylan hyzmatlarynyň çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine giň mümkinçilikleri açar.
Guwanç ANNASAPAROW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň
Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň öwreniji mugallymy.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.