Döwlet hyzmatlarynyň resmi portalynyň täze mobil programma goşundysy

30-09-21

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda aragatnaşyk ulgamynyň geriminiň giňeldilmegi we sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýola goýulan e.gov.tm Türkmenistanyň bir bitewi Döwlet hyzmatlarynyň resmi portaly halk köpçüliginiň arasynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň hyzmatlaryny «bir penjirede» ýerleşdirýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen ýurdumyzyň maglumatlar binýadyny Türkmenistanyň bir bütewi e.gov.tm resmi portalynda jemlemek jemgyýetçilik hyzmatlaryny has-da aňsatlaşdyrýar.

Häzirki wagtda, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalynyň ykjam telefonlar üçin mobil programma goşundysy işlenip düzüldi. Bu bolsa ilkinji nobatda ýurdumyzyň banklarynyň töleglerini, jemagat hyzmatlarynyň, ýol gözegçilik gullugynyň töleglerini islendik wagtda, islendik ýerde ykjam telefon arkaly dessine amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.  

Bu mobil goşundysy fiziki we ýuridik şahslaryň salgyt hasabatlaryny we deklarasiýalaryny ýöretmek işlerini has-da amatlaşdyryp, resminama dolanyşygyny elektron görnüşe geçirmegiň döwrebap we möhüm ugurlarynyň esasyny kesgitleýär.

Bu portalda resminamalary hasaba almak we hasabyny ýöretmek işlerine we kiberhowpsuzlyk talaplaryna ýokary derejede gözegçilik edilip, e.gov.tm portaly gije-gündiziň dowamynda 24 sagat halka hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini sanly görnüşe geçirmek, elektron hyzmatlar ulgamynyň kämilleşdirilen ulgamyny emele getirýär. e.gov.tm Döwlet hyzmatlarynyň resmi portaly wagt tygşytlamak arkaly durmuş ýagdaýlaryny we iş şertlerini aňsatlaşdyrýar.

 «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Döwlet Baştutanymyzyň aragatnaşyk ulgamynyň öňünde goýan giň möçberli wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlaşdyrmak, ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerine häzirki zamannyň ösen tehnologiýalary arkaly halkara tejribesini ornaşdyrmak işleriniň çözgüdini tehnologiýa döwrüniň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirýär.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk 
kompaniýasynyň hünärmeni.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.