ÝAŞ HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK – ÝOKARY OKUW MEKDEBIŇ BAŞ WEZIPESI
26-03-23
Ulag we kommunikasiýalary pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ulag pudagyna ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bilen üpjün etmek meselesine ýardam edýär. Institut 2019-nji ýylyň 12-nji iýunynda döredildi we häzirki wagtda onuň düzüminde 6 fakultet, 19 kafedra hereket edip, jemi 27 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Akadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen baglanyşygyny pugtalandyrmak, täze hünärleri girizmek, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar.
Arkadagly Serdarymyz şu pudak üçin inžener-tehniki işgärleri we desgalarda işlejek ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmegiň möhümdiginden ugur alyp, bu ugurda uly tagallalar edýär. Häzirki zaman ýaşlarynyň öňünde täze mümkinçilikler açylýar. Hususan-da, ýokary tehnologiýalaryň güýçli depginlerde ösdürilýän asyry ökde hünärmenleri taýýarlamak meselesiniň oýlanyşykly çözülmegini talap edýär.
«Maksatly il ozar» diýlişi ýaly, häzirki döwürde ýaşlar ylmyň we tehnikanyň gazananlary esasynda ýokary derejeli bilim alýarlar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan egsilmez güýç-gaýrat alýan ýurdumyzyň ýaş raýatlary bilimleri ele alyp, ösen tehnologiýalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler.
Institutymyzda bilim özgertmelerini ornaşdyrmak bilen bir hatarda, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimizde sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite bilim portaly işlenip taýýarlanyldy we hereket edýär. Sanly bilim portalynda institutymyzyň professor-mugallymlarynyň okadýan dersleri boýunça taýýarlan okuw maglumatlary, umumy okuw ýazgylary, okuw sapaklarynyň guralyşynyň wideoýazgylary ýerleşdirilip, okuw sapaklarynyň gory döredilýär we okatmagyň elektron usuly okuw işine ornaşdyrylýar. Bu bolsa talyplara sapaklarda berilýän maglumatlary özbaşdak we gaýtadan özleşdirmäge,
portalda ýerleşdirilen okuw maglumatlaryndan peýdalanmaga, şeýle-de talyplaryň elektron okuw maglumatlary, edebiýatlar bilen üpjünçiliginiň ýeňilleşmegine mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary özleriniň bilim alýan ugrunda kämilleşip, ylmy işlere, bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýarlar. Olardan ylymda we innowasion tehnologiýalarda täzeçe usullardan baş çykarýan ýaşlary bilim dünýäsindäki möhüm ähmiýetli işlere höweslendirmek maksady bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guraýan bäsleşigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş mugallymlarynyň gatnaşmagynda her ýyl guralýan bu bäsleşikde Türkmenistanyň Inžener-tehniku we ulag kommynikasiýalary institutynyň talyplary hem üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezýärler we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Türkmenistan bu gün bilime daýanýan jemgyýeti döretmek üçin zerur bolan tejribäni gazandy. Netijede, döwrüň täze talaplaryna laýyklykda üçünji müň ýyllykda jemgyýetiň öňünde durýan ägirt uly wezipeler nazarda tutulýar. Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli amala aşyrýan bilim özgertmeleri ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin binýat bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» milli bilim ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň, nesilleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hökmünde dabaralanýar. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejedäki üstünlikleri bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerindendir. Olar üçin bilim almaga, hünär saýlamaga, öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge ähli mümkinçilikler bar.
Institutymyzyň agzybir professor-yhlasly zähmet çekýärler. Bilim almaga, ylym, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga, milli medeniýetimizi ösdürmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýdýarys!
Berdinazar BABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.