Belentdedir zenanlaryň sarpasy

07-05-25

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz-gelin edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär.

Türkmençilikde gyz-gelin edebi barada juda köp gürrüňler edilýär. Munuň özi türkmeniň gyz maşgala bilen bagly gadymy ýörelgeleriniň hiç wagtda hem ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr. Gyz maşgalaly öý - ojagyň synagly, sylagly öýdügini ene-mamalarymyz ýönelige ündemändir. Çünki il arasynda üç gyz perzendi terbiýeläp ýetişdirip, abraý bilen il hataryna goşan enäniň ýalkawlydygy barada aýdylýar. Gyz-gelinleriň haýalylygy, sabyr-takatlylygy, edasy iliň genji-hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünjede-de ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Muny bolsa, dürli döwürlerde türkmen topragyna syýahat eden alymlaryň, etnograflaryň türkmen gelin-gyzlarynyň ýüz keşpleriniň tebigy owadanlygynda, geýinmek medeniýetiniň has hem millilikdiginde gürrüň bermeklerinde aýdyňlygy bilen görmek bolýar.

Halkymyzyň dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan birnäçe gymmatlyklarynyň, dünýäde türkmeni türkmen hökmünde ykrar etdiren medeniýetiniň, sungatynyň bardygyna buýsanýarys. Halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, edim-gylymlary häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygy, sözleýiş medeniýeti barada, ýaş nesilleriň medeniýetini, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde ozaldan gelýän däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň tutýan orny bimöçberdir. Türkmen halky öz gelin-gyzlaryny dünýäde bar bolan ähli mukaddesliklere deňeýärler. Nusgawy şahyrlarymyz gyzlary owadan Aýa, Güne deňäp, taryp edipdirler.

Türkmen gözeli taryhyň ähli döwürlerinde öz edebini saklap bilipdir. Muňa edebi eserlerimizde döredilen zenan keşpleri şaýatlyk edýär. Şonuň üçin ulugyzyň diňe hulky gözel bolman, onuň edebi hem gözel bolupdyr. Türkmen ýigitleri hem birbada gyzyň daşky gözelligine aşyk bolan ýaly bolsalar-da, onuň akyl-parasadyna, edim-gylymyna sarpa goýupdyrlar. Görüm-göreldesi, mylaýym häsiýeti, zenan mertebesini saklaýşy bilen uly abraýa eýe bolan türkmen zenanlarynyň birnäçesiniň ady taryha girendir. Olar: Altynjan hatyn, Aýjäjek, Törebeg hanym, Tumar şa, Parawbibi ýaly keramatly atlary bilen türkmen zenanynyň mertebesini ýene bir ýola beýgeldipdirler.

Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünje ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Gyzyň gözelligi haýasynda, edebinde jemlenipdir. Türkmen gyzlary geýinmekde, geplemekde, iýip-içmekde utanç-haýany saklapdyr. Hoşgylaw we mylaýymzada gyzlar ene-atanyň göwün şady hasaplanypdyr. Gyz maşgala dünýä inenden özüniň näzikligi, naşylygy, mähremligi bilen özüni aldyrýar. Bu hem gudratly tebigatyň oňa beren peşgeşi. Gyz çaga ulaldygyça edep-ekramly, düşbüje, asylly bolmaklyga ymtylýar. Özünden kiçi jigileri bar bolsa, olara ýardam etmeklige çalyşýar. Beýle häsiýetler gyz maşgalanyň gursagyna ene süýdi bilen geçýär. “Ýagşy ene ýagşy gyza görelde” diýişleri ýaly, öýüň hojalyk işlerini etmekde, myhman garşylamakda, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini etmekde ýaş gyz, ilki bilen, enesinden, soňra bolsa daş-töweregindäkilerden görelde alýar. Haýsy bir meselede sorag ýüze çyksa, öz mähriban käbesinden sorap bilmekligi endik edinýär. Ene bilen gyzyň arasyndaky mähremlik, biri-birine ynanmaklyk olary syrdaş joralara öwürýär. Bu bolsa gyz maşgalanyň durmuşda gabat geljek säwliklerden sowlup geçmegine mümkinçilik berýär. Umuman, gyz maşgalanyň ene-atasynyň öýünde alan terbiýesi, onuň ejesinden gizlemedik syrlary bagtyýar durmuşynda görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Dogrudanam, gyz maşgala ýaşlykda berilýän edep, öwredilýän edim-gylym ýerlikli bolanda, ol hemişe abraýly gelin bolmaklyga çalşar, öz atasy öýüniň sarpasyny galdyrar. Gyzly öýe hemişe aýratyn sarpa goýlupdyr. Şeýdip apalanyp, goraglanyp saklanýan gyzlar hem özleri hakynda edilýän alada buýsanç bilen jogap bermelidirler. Okuwda bolsun, işde bolsun, jemgyýetçilik ýerlerinde bolsun, ilki bilen, asylly bolmak gyz maşgala, gözellik çaýýar. Özüňden ula salam bermeli, bu edebiň başy hasaplanýar. Gyzyň edepliligi bütin iliň edepliligine deňelýär. Bu beýik zat. Şol derejä laýyk bolmagy başarmaly. Durmuşda her bir bolup geçýän wakalara özüňçe baha berip, onuň gowy taraplaryny kabul edeniňde hiç wagt ýalňyşmarsyň. Ejeň, daş-töweregiň, mugallymlaryň berýän ündewleri hem gyz maşgalany biparh goýmasa ýagşy, sebäbi bu adamlar hiç wagt seniň ýamanlygyňy islemeýär. Durmuş ýörelgäňde sabyrlylygy hem eliňden bermeli däl.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berekediň hem bolçulygyň gujagynda ýaşaýan ata Watanymyzyuň goýnunda geçirilýän her bir çärede, maslahatda ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan gelin-gyzlarymyzyň türkmeniň asyrlardan gelýän däp-dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramakda yzygiderlilikde işler alnyp barylýandygy dogrusynda buýsanç bilen bellenilýär. Mahlasy, bagtyýar zamanamyza aýdym bolup gelýän arzyly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak biz üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan her bir raýat üçin bolsa, taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle buýsanjyň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.