TULM we “Demirýollary” Türkmenistanda ekspres ýük otlularynyň gatnawyny ýola goýdy
24-09-21
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde ekspres ýük otlylaryň ýörite gatnaw tertibini düzdi. TULM bu hyzmat bilen bir hatarda ýükleriň daşalmagynyň ähli tapgyrlaryny öz içine alýan logistika hyzmatlarynyň toplumyny hem hödürleýär.
TULM-yň çarşenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, vakynda kompaniýalar tarapyndan Samandepe - Türkmenbaşy porty ugry boýunça ekspres ýük otlynyň ilkinji synag gatnawy gurnaldy. Jemi 40 wagondan ybarat ýük otlusy 3 günüň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi.
Kompaniýa täze hyzmaty arkaly Soltanbent - Türkmenbaşy porty, Samandepe - Türkmenbaşy porty, Samandepe - Sarahs, Türkmenbaşy porty - Farap, şeýle hem Ruhubelent - Türkmenbaşy porty ugurlary boýunça ýük ibermegi teklip edýär.
Aprel aýynda, TULM Türkiýeden Özbegistana ugran ilkinji ekspres ýük otlysynyň Türkmenistandan üstaşyr geçirilmegine ýardam beripdi.
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2018-nji ýylyň iýul aýynda döredildi. TULM-yň döredilmeginiň maksady Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermekden hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ugradyjydan alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.
https://business.com.tm/tm/post/7593/tulm-we-demiryollary-turkmenistanda-ekspres-yuk-otlularynyn-gatnawyny-yola-goydy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.