TÜRKMENISTAN - RYSGAL-BEREKETIŇ WATANY
24-09-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň oba hojalygy uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladasy netijesinde bu ulgama hemmetaraplaýyn berilýän ýardamyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ösmegine saldamly goşant goşýan oba hojalyk toplumynyň işi barha ilerleýär. Şonuň bilen baglylykda ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereket bolçulygy döredilýär. Oba hojalyk tehnikalarynyň ençemesiniň satyn alynmagy, suw, dökün üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy daýhanlaryň göwünlerini galkyndyrýar.
Milli Liderimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanan edermen daýhanlarymyzyň halal zähmetinden önýän guşgursak ak bugdaýymyzyň, “ak altynyň”, dürli görnüşli gök we bakja ekinleriniň bol hasyly türkmen saçagynyň berekedi bolup, ol bagtyýar ilimiziň agzybirligini alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň edermen, armazak, işjanly babadaýhanlarymyza berýän yzygiderli atalyk goldawlary netijesinde göreniňde gözüňi dokundyrýan azyk bolçulygy döreýär, ak bazarlarymyz dürli miwe we bakja önümlerinden dolýar.
Ene ýere yhlas edene, der döküp zähmet çekene sahawatly topragymyzyň bereketi bolluk bilen eçilýändigini gündelik durmuşymyzda görýäris. Päk zähmet çekip gazanylan gazanjyň bereket hümmeti-de başgaça bolýar. Daýhançylyk bize ata-babalarymyzdan miras galan kesp. Onuň bilen meşgullanmak bagtyýarlyk döwründe abraý-mertebeli işe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ähli taraplaýyn ýardam bermegi amala aşyrylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly goşant goşýan oba hojalyk toplumynyň işini barha ilerledýär, pudagyň ähli önümçilik düzümlerinde buýsandyryjy netijeler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz ylmyň gazananlaryny, innowasiýa tehnologiýalaryny agrosenagat toplumyna giňden ornaşdyrmak barada yzygiderli aladalar edýär. Şol ägirt uly aladalaryň ýerine düşýändigini bu günki günde durmuşyň aýnasyna öwrülen ak bazarlarymyzyň bolçulygynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
Eziz Diýarymyzy rysgal-bereketiň Watanyna öwren Gahryman Arkadagymyzy, bagtyýarlyk döwrüniň hözürini görüp bereketli türkmen topragynda ýaşaýan, gurýan we döredýän, zähmet çekýän halkymyzy ýetip gelen Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen ak ýürekden gutlaýarys!
Maýa MISEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.