YKLYMLARYŇ DOST-DOGANLYK ÝOLLARY

19-09-21

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaşdyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, polat we howa ýollary dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar» diýip belleýär.

Hakykatdan hem ýollar halklary birleşdirýär. Yklymlary ýakynlaşdyrýar. Umuman alanyňda, ýol gatnaşmak isleýän ynsanlaryň gatnaşyk serişdeleriniň biri. Gatnaşyk bolsa jemgyýetçilik gurluşynyň möhüm bölegi. Döwürleriň ösüşlere beslenmegi ynsanyýet durmuşynyň islegleriniň miwesidir. Ösüşleriň badynyň örän çalt depginlerine beslenýän häzirki döwrümizde gatnaşyklar tehniki serişdelere daýanýar.

Hut şonuň üçin hem ulaglaryň ähli görnüşleriniň gatnawlarynyň utgaşykly hereketine aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtoulag ýollarynyň gurluşygyna hemişe uly üns berýär. Paýtagtymyzyň we welaýat, şäher merkezleriniň awtoýollaryny döwrebap yşyklandyryjy enjamlar, ýolyşyklar bilen üpjün etmegi tabşyrýar. Pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurmak bilen awtoulaglaryň hereketiniň bökdençsizligini gazanmaga mümkinçilikleri döredýär. Ýerasty awtoulag geçelgeleri,halkalaýyn awtoulag aýlawlary, estakada köprüleri — bularyň hemmesi awtoulag gatnawlaryna ýeňillik döretmek maksadynyň miweleridir.

Uzak aralygyň gatnawlarynyň dünýäniň ösen döwletlerindäki üpjünçiliklerini ýurdumyzyň içerki ýollaryna ornaşdyrmagyň hem döwri geldi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluny gurmaga girişildi. Bu iri taslamanyň gurluşygy 2023-nji ýyla çenli dowam eder. Onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Şeýle hem şol birleşmäniň agzalary bolan «Altyn nesil», «Oguz ýol»,«Hyzmat merkezi» hojalyk jemgyýetleri we «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy esaslandyryjylaryň düzümine girýär. Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak aýlaw görnüşli çatrykdan başlanyp,

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýanynda guruljak deň derejeli aýlawly çatrygynda tamamlanjak bu awtomobil ýoly türkmen telekeçilerine bildirilen uly ynamdyr. Sebäbi bu ýol diňe bir ýurdumyzyň içerki  gatnawlarynyň üpjünçiligini dälde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýär. Bu ýoluň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagyna, goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerinede kybap gelýär. Şeýlede, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il ýurt bähbitli işleriň hatarynda ýokary tizlikli Awtoban ýolunyň gurluşygynyň depgini hem maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

Goý, halklary birleşdirip, yklymlary ýakynlaşdyrjak şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagynyň gözbaşynda duran parasatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

16a337ada189d0.jpeg
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.


16a3377c0d616a.jpeg
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.


16a3376cef337c.jpeg
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.


16a33734d326ea.jpeg
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip

17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.


16a32266cf15a6.png
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.