ULAG ULGAMY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
19-09-21
Ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi häzirki wagtda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bu babatda gadymdan bäri ýol gurmagy parz hasaplaýan türkmen halky bu däbi mynasyp dowam etdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Bu mesele hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda milli taryhyň, gadymy rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirkizaman durmuşynyň wakalarynyň mysalynda çuňňur açylyp görkezilýär. Milli Liderimiz öz kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biriniň türkmenlere hem degişlidigini aýratyn belleýär.
Ýurdumyzyň gurýan dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk ýollary Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde hem gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda döredilýän täze ýollar Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde biziň sebitimiziň ornuny artdyrýar. Häzirkizaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini halkara ulag-logistika ulgamy ýerine ýetirýär. Ol halkara syýasy we ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat binýat hökmünde çykyş edýär. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk, özara we köptaraply bähbitlilik ýörelgelerinde goşulyşmak ýagdaýlarynyň möhüm şertine öwrüldi.
Ulag pudagy dünýäde globallaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişi we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan hem Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikleri bar. “Türkmenistany 2011 — 2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyz Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi. Ulag hyzmatlarynda ykdysadyýetiň hem-de ilatyň isleglerini doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-kommunikasiýa toplumynyň depginli ösdürilmegi uzak möhletleýin maksatnamanyň binýatlaýyn serişdesi bolup durýar. Onda bu ulgamda esasy wezipeler hem-de olary amala aşyrmagyň gurallary döredilendir.
Häzirki wagtda diýarymyzda demir ýol, awtomobil, howa, deňiz ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklaryň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär. Bu ugurda BMG we beýleki abraýly halkara guramalarda umumy tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeläp, Bitarap Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri infrastruktura taslamalary teklip edýär we amala aşyrýar. Şeýlelikde sebitleýin we ählumumy derejede ulgamlaýyn ulag infrastrukturasynyň döredilmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, utgaşykly sebit hem-de sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Mysal üçin 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda geçen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Turkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäştaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi.
Bu taslamanyň Lapis Lazuli diýip atlandyrylmagy, ol gadymyýetde Owganystanyň üstünden geçen kerwen ýollary arkaly daşalan gymmatbaha harydyň zümerret daşynyň ady bilen baglanyşykly. Gök-çal reňkdäki bu daş orta asyrlarda lýapis-lazur diýip atlandyrylypdyr. Dünýäde onyň iň köp gazylyp alynýan ýerleriniň birem Owganystanyň Badahşan welaýatydyr.
Hormatly Prezidentimiz özüniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda kerwenleriň esasy harytlarynyň arasynda lazurityň hem bolandygy hakynda şeýle ýazýar “Hünärmenleriň bir topary bolsa gadymyýetiň gatnaşyklarynyň gan-damary hasaplanýan taýsyz halkara söwda ýolunyň şeýle atlandyrylmagyny taryhy jähtden bärden gaýtmak hasap edýärler, sebäbi dürli ýazuw çeşmeleri, maglumatlar ýüpek bilen deň derejede nefritiň, lazurityň hem-de söwda kerwenleriniň esasy harytlarynyň biri bolandygyny tassyklaýar”.
Logistikany ösdürmekde Hazarýaka sebitine aýratyn orun degişlidir. Möhüm strategik ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň binýadynda ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagy utgaşdyrýan esasy multimodal merkez döredildi.
Häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda durmuşa geçirýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.