Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy
19-09-24

Şanly Garaşsyzlygymyz halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berdi. Berkarar döwletimiziň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan Türkmenistanyň her bir raýatyny döredijilikli zähmete, täze sepgitlere hem-de ösüşlere ruhlandyrdy. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen Garaşsyzlygyna 33 ýyl dolýar. Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde eziz Diýarymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy.
Hawa, 1991-nji ýylyň sahawatly gelen altyn güýzi türkmen halkyna Garaşsyzlyk atly uly bagty peşgeş beripdi. Ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan soň ähli ulgamlarda ösüşler ýyldyrym çaltlygynda öňe ilerledi. Şahyr aýtmyşlaýyn, bu ösüşleri wasp edip ýetişer ýaly hem däl. Ýurdumyzyň gysga wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi bolsa, biziň döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmaga äden ilkinji ädimlerine itergi berdi. Ýurtda halkyň maddy we ruhy durmuşyny özgerden birnäçe durmuş-ykdysady, medeni we syýasy maksatnamalar kabul edildi. Türkmenistan gülläp ösýän ykdysadyýetli, kadaly syýasy ulgamly, sazlaşykly ösýän demokratik, hukuk we dünýewi häzirki zaman döwletine öwrüldi. Bu özgerişleriň esasy ugry halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy we döwletimiziň her bir raýatynyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen bagly boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli özgertdi. Ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ýollaryň abadanlaşdyrylmagy, senagat zawodlarynyň gurulmagy bolsa döwletimiziň ösüşiniň mundan beýläk-de ilerlemegine itergi berdi. Milli medeniýetimizi dikeltmäge we ösdürmäge, ata-babalarymyzdan galan baý medeni mirasy edebi çeşmelerimizi, halk sazlaryny, bagşyçylyk sungatynyň däplerini, ilimiziň guwanjy hem milli mirasy bolan türkmen halylarynyň, meşhur ahalteke atlarynyň şöhratyny, döwlet we daşary ýurt dillerini, şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, halkymyzyň bagtyýar, ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim-terbiýe almagynda edýän aladalary Watanymyzy ruhubelent ýurda öwürýär.
Halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan mähriban Prezidentimiziň pähim-parasatyndan kemal tapan adyl syýasadynyň dünýäde giň seslenmä eýe bolýandygyny, ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryna daýanyp, häzirki zamanyň ösüşleri bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýandygy hakyndaky buýsançdan püre-pür. Ýurdumyzyň gülläp ösüşleri hem-de halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda bimöçber aladalary, ýadawsyz zähmeti üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Baýramberdi ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Deňze çykalga — dünýä çykalga
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.