Bu gün nowruz, bu gün baýram, bu gün toý...
19-03-25
Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyry Baýram han Türkmen Nowruz şagalaňyny şeýle suralandyrýar:
Bu gün nowruz, bu gün baýram, bu gün toý,
Gaýgy-gamsyz şatlyk eder her bir öý.
- Nowruz gadymy döwürlerden bäri bellenilýän meşhur täze ýyl baýramydyr.
- Nowruz baýramynda goňşular dürli tagamlar bişirip, bire-birege hödür-kerem edýärler.
- Nowruz ýagyş-ýagmyr bilen gelse halkymyz ene ýer suwdan ganar, hasyl bol bolar diýip şatlanypdyr.
- Halkymyz Nowruzdan köp zada garaşypdyr. Halkymyzda “Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir” diýen aýtgy bar.
- Nowruzyň gelmegi bilen daýhançylyk işleri başlanýar, dünýä lälezar bolýar.
- Nowruz tebigatyň baýramydyr. Sebäbi nowruzda tebigat janlanýar, gül pürçüge bürenýär.
- Nowruzda kalpda galan öýke-kineler unudylyp, ýagşy niýet arzuwlar bilen birek-birege myhman bolunýar.
- Nowruzyň öň ýanynda gelin-gyzlar öý goşlaryny, içerini gowy tämizläpdirler. Daş-töweregi syryp-süpürip, mazaly arassalapdyrlar.
- Nowruz baýramynda dürli oýunary oýnamak – at çapdyrmak, horaz uruşdyrmak, goç uruşdyrmak arkaly baýramçylygy has şowhunly etmek ýörgünli bolupdyr.
- Nowruzda agaç ekmek, ekilen baglara ideg etmek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy.
- Nowruzda dowam edip gelýän däbe görä baýramçylyk saçagynda ýedi dürli tagam goýmaly. Däneli ösümlikleriň ýedi görnüşinden bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba taýýarlamaly.
- Nowruzda diňe ýagşy dilegler etmeli. Bu gün edilen ýagşy arzuw-dilegler kabul bolýarmyş. Ýamanlyk, görüplik diýen ýaly ýaramazlyklardan kalbyňy päklemeli. Ata-babalarymyz “Ýagşylyk etseň ýanyňda, ýamanlyk etseň alnyňda bar” diýen ýörelgä eýeripdirler.
Gülbahar ALTYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji yyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.