Garaşsyzlyk ýyllarynda awtoulag toplumynyň kuwwaty artýar
13-09-21
Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýramçylygyna taýýarlyk görülýän şu günki günlerde ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Gazanylan üstünlikler netijesinde halkymyz asuda, eşretli durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziö baştutanlygynda ulag ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatar «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hemuly üstünlikler gazanyldy.
Türkmenistanda, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, awtomobil ulaglary ulgamyny ösdürmegiň baş ugry kesgitlenildi, bu ulgam dünýäniň islendik ýurdunda bolşy ýaly, ýükleri daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda işiň agramly bölegini ýerine ýetirýär, harytlary niýetlenilen ýere eltmekde iň çalasyn we netijeli bolup durýar.
Ýene-de sanlyja günden ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilik, ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Ýurdumyzyň taryhynda şanly sene — Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçer.
Awtomobil ýollaryny gurmak boýunça toplumlaýyn işleriň çäklerinde inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň doly çalşyrylmagy, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamynyň ornaşdyrylmagy, elektron maglumat beriş serişdeleriniň, LED-monitorlarynyň we beýlekileriň gurnalmagy göz öňünde tutuldy. Bularyň ählisi ulag akymlarynyň oňaýlyly bolmagyny üpjün etmäge hem-de awtoulag serişdeleriniň barha artýan möçberlerini nazara alyp, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýollarda howpsuzlyk derejesini artdyrmaga mümkinçilik berýär.Dünýä ölçegleri dürli sebitleri birleşdirýän çekilýän awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasydyr. Şoňa laýyklykda, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň (awtobanlaryň) gurluşygy alnyp barylýar.
Awtoulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Häzirki günde bu ulgam dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň — “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero City”, “Iran Khodro”, “Yutong ZK 6129H”, “PAZ-32054” häzirki zaman ulag serişdeleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar şäheriň içindäki we şäherara ugurlarda hereket edýär. Täze ugurlar işlenilýär we döredilýär.
Hormatly Prezidentimizin parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyyetimiziň ähli pudaklarynda uly öňegidişlikler we ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar pudagynyň goşýan goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň gündelik durmuşyny awtoulag hyzmatlary bolmazdan göz önüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbanlandyrylýan ösüşleriň, özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam edyär. Muny «Türkmenawtoulaglary» agentliginde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem görmek bolýar.Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan awtomenziller gurlup ulanylmaga berilyär, öňki bar bolanlaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ulgamda dünyä tejribesinde barlanylan hem-de ykrar edilen maksatnamalar giňden ornaşdyrylyar.
Halka edilyän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy üçin agentlik tarapyndan birnäçe ýeňillikler döredildi. Awtobus hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin dünyä ülňülerine gabat gelýän ýörite ýolagçy kartlary girizildi, ýeňil taksilerde plastik kartlaryň üsti bilen töleg geçirmäge mümkinçilik döredildi. Şeýle hem uruş weteranlary, 7 ýaşa çenli çagalar we saglyk ýagdaýy pes bolan raýat peýdalanýarlar, pensionerler hem-de mekdep okuwçylary üçin niýetlenen ýol peteklerinde bir aýlyk ýenillikli nyrhlar kesgitlenildi.
Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimizin kararlaryna layyklykda satyn alnan «Hyundai Super Aero City» kysymly awtobuslar şäheriçi gatnawlarda halkymyza hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglar parkynyň köp bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar tutýar. Bu ugurda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk oňyn netije berýär. Şunda, taraplaryň ikisi hem gatnaşyklary uzakmöhletleýin esasda dowam etmäge gyzyklanma bildirýär. Mundan başga-da,ýurdumyzda şäheriçi gatnawlarynda «Hyundai Elantra» we «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtomobiller taksi hyzmatlary üçin peýdalanylýar.Olarda «Altyn Asyr» ÝGPJ tarapyndan «Samsung» we «Alcatel» görnüşli planşetler oturdyldy hem-de internet ulgamynda ulanylýan yörite programma üpjünçiligi ulanylyşa girizildi. Onuň üsti bilen ýolagçylar hyzmatyň hili, bahasy, ýolun uzynlygy we ugry baradaky zerur maglumatlary alyp bilýärler.Taksi çekleri berýän enjamlar, bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde tölegler üçin ykjam töleg terminallary bilen üpjün edilendir. Awtobuslarda we ýeňil awtoulaglarda
geopozisiýa (GPS) ulgamynyň abzallary oturdylandyr, munuň özi awtoulag serişdesiniň häzirki wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, şeýle hem sürüji tarapyndantizlik derejesiniň ýokarlandyrylyşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerine bildirilişi ýaly, ýeňil awtoulaglara howpsuzlyk,ygtybarlylyk we ekologiýa babatda ýokary talaplar bildirilýär. Bu ölçegler babatynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze amatly ulaglary bildirilýän ýokary talaplara we dünýä ölçeglerine doly kybap gelýär.Bu hyzmat ilatyň arasynda barha meşhurlyk gazanýar we gyssagly taksi çagyrmak üçin internet hyzmatlary işjeň peýdalanylýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaşayyş-durmuş derejesinin has-da gowulanmagyna, her bir raýatyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp yaşamagyna şert döredyär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda ata-Watanymyzyň her güni üstünliklere beslenýär.Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa toplumynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem uly üstünlikler gazanyldy.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolan ýokary hilli ýolagçy awtobuslar, ýeňil taksi awtoulaglary we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar hem-de döwrebap binalar we desgalar gurulýar.Ýolagçylara ýeňil taksilerde edilýän hyzmaty gowulandyrmak maksady bilen, Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynda elektron planşetler oturdyldy we müşderilerden sargytlary internet arkaly kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy.Türkmenistanyň iri gurluşyklarynda hyzmat etmek hem-de ýetişdirilen däne hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini daşamak üçin ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “KAMAZ” kompaniýasynyň ýük awtoulaglary ulanylýar.
Ösüşiň häzirki zaman tapgyrynda awtoulag toplumynyň pudaklarynda binýatlaýyn, düzümleýin we düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.Şunuň bilen baglanyşyklylykda, döwlet Baştutanymyz ýolagçylara hyzmat etmegi, şol sanda ýük daşamagyň işjeň artýan wagtynda, tomus dynç alyş döwründe adamlaryň barjak ýerlerine bökdençsiz barmagyna mümkinçilik döretmek boýunça işleri döwrebap derejede guramagyň möhümdigini belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda Aşgabat şäherinde we welaýatlardaky awtobuslarda nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy (walidator) ornaşdyryldy, ýeňil taksi awtoulaglaryny internet ulgamynyň üsti bilen sargyt etmek hyzmatlar ýola goýuldy, paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrylýan şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň ýol peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen satyn almak hyzmatlary elýeter edildi, Aşgabat şäherindäki kärhanalarynyň hasabyndaky döwrebap awtobuslarda, ýeňil taksi awtoulaglarda, ýük awtoulaglarda we welaýatlardaky kärhanalaryň hasabyndaky döwrebap ýük awtoulaglarda GPS/Glonass ulgamy ornaşdyryldy.
25-nji maýda bellenilip geçilen Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde şäherde täze, amatly “Hyundai ALL New Super Aero City” kysymly awtobuslaryň 400-si işe girizildi.Şol gün şeýle hem “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna gelip gowşan 200 sany “tayota corolla” kysymly döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary goýberildi.
Ulag ulgamynyň ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan iň bir işjeň pudaklarynyň biri bolan awtoulaglar pudagy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen täze talaplara eýe bolup, döwrebap usullar arkaly ýolagçylara hyzmat edýär. Muňa ýurdumyzyň milli awtoulaglar düzüminiň täze enjamlar, täze usullar hem-de awtoulaglar bilen yzygiderli baýlaşdyrylmagy anyk mysal bolup çykyş edýär.
Ýolagçy gatnawlarynda we ýük dolanyşygynda wajyp wezipäni ýerine ýetiryän awtomobil ulaglary pudagynyň düzüminin kämilleşmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlanmagy ugrunda bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiyetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Özbegistan Türkmenbaşy porty arkaly Ýewropa ýük konteýneri gatnawyny ýola goýdy
“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda Özbegistandan Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly yzygiderli ýük konteýner gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada “Uztemirýulkonteýner” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi
Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.
«Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda adam hukuklaryna hormat goýulmagyna, erkekler bilen zenanlaryň deňhukuklylygyna, ählumumy howpsuzlygyň, ösüşiň üpjün edilmegine ygrarlydygymyzy tassyklap,
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.