OBA HOJALYGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝA
13-09-21

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin ähmiýetli däl-de, eýsem, halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyny, senagatyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny üpjün etdi.
Hormatly Prezidentimiz ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylyk pudaklarynda häzirki döwürde mehanizmleşdirilen işlere sanly ulgamy ornaşdyrmaga girişildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiklerinde bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek barada Konsepsiýa bar. Häzirki wagtda telematik sanly ulgam bilen doly üpjün edilen döwrebap tehnikalar tapgyrlaýyn getirilip önümçilige ornaşdyrylýar.
Sanly telematik ulgamy dolandyrmak maksady bilen, zerur hünärmenler bilen yzygiderli üpjün etmek üçin biziň ýokary okuw mekdebimiziň oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary ýörite okuw maksatnamasy esasynda dersleri özleşdirýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzda simsiz aragatnaşygyň hem-de nawigasiýanyň hemra ulgamynyň ösdürilmegi telemetrik ulgamlar arkaly takyk, sanly ekerançylyga geçirilýän oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýardam eder.
«John Deere» kombaýnlary Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda 26 ýylyň dowamynda işlemek bilen, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysalyny görkezdiler. Döwrebaplaşdyrylan «John Deere» tehnikasyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi üçin hem getirmek göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiz senagatlaşdyrmak — innowasiýa esasynda ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna yzygiderli ýardam berýär, Türkmenistana tapgyrlaýyn getirilip başlanylan hasyl ýygnaýjy iň täze «John Deere» tehnikalarynyň nobatdaky iri tapgyrynyň gelip gowuşmagy hem muňa mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşini, düşewüntliligini hem-de netijeliligini üpjün edýän serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady bolup durýar hem-de bu pudagyň bar bolan kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini pugtalandyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrar. Bu bolsa «Üçünji müňýyllykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirmegi öz öňümde baş maksat edip goýdum. Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda ähli tagallalary edip, il-ýurt bähbitli beýik işleri amala aşyrmak abraý-mertebedir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriniň baş maksadydyr.
Wezir HAJYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
“Dialog – parahatçylygyň kepili”
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan teklip edilen: “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasy, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hemde köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny subut edýär.
SABYRLYLYK, SAGLYK — ÖMRÜMIZIŇ BEZEGI
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz halkynyň görer gözi, sözlär dili, ruhy çyragy, beýik maslahatçysy, synmaz söýgisi bolup gelýär. Dana Pyragynyň çeper tematikasy baý we köptaraplydyr. Olardan islendik mesele dogrusynda degerli pikir-parasat alyp bolýar. Akyldar Magtymguly Pyragy il-gününiň saglygy hakyndaky meseläni hem öz şygyr setirlerine siňdiripdir.
ÝAŞLARA GÖRELDE, ÝÖRELGE ESER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hakyky watançy şahsyýetleriň neslini kemala getirmek ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
«ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň her bir güni türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana!»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.