milli ýörelgelerimiziň NURANA KEŞBI

10-09-21

Asuda ýurduň asmanynda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Bu pursatlar hakykatdan hem parahatçylygyň keşbidir. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän parasatly başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde goldaw tapýandygyny göz öňüne getireniňde, watançylyk duýgusyndan, buýsançdan ýaňa bütin dünýäň şatlyga dolýar.

Her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, parahatçylygyň ýakymy bilen garşylaýan türkmen halky hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýar. Bu ýörelgeler syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde has-da giňden ýaýbaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň esasynda halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürýär. Türkmenistan Diýarymyz ýurdumyza gelen myhmana suprasyny bolelin ýazýar. Ýurt Baştutanymyzyň parahatçylygy berkarar etmek syýasaty ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga itergi berýär. Parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak bolsa, halklary hoşniýetlilik, adamkärçilik ýaly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýar.

Türkmeniň parahatçylyk ýörelgesiniň taryhy köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, ähli döwürlerde-de halkymyz dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklapdyr. Taryhda gadymy Merw, Sarahs, Köneürgenç, Dehistan, Parfiýa we beýleki medeni merkezlerimiz hakynda ylmy-taryhy maglumatlarda hoşniýetli gatnaşyklar barada gymmatly maglumatlara duşmak bolýar.

Ähli eýýamlaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmeniň özbaşdak döwletini gurmak ugrundaky arzuwyny beýan edip, ýüreginden syzdyryp döreden şygyrlary parahatçylykly ýaşaýşy ündeýär. Akyldar şahyrymyz eserlerinde özara duşmançylygyň, uruşlaryň hiç kime gerek däldigini, parahatçylygyň, asudalygyň derwaýysdygyny düşündirip, ajap eýýamy arzuwlapdyr. Ol azatlygy, erkinligi, parahat durmuşda ýaşamagy arzuw edipdir.

Goý, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz öňküden hem gülläp össün! Ata-babalarymyzdan gaýdýan, illeri illere, köňülleri köňüllere duşurýan, dünýäni birleşdirýän parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýolumyz asyrlara uzap, rowaçlyklara beslensin!

Meýlis RAHMANOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.