Aragatnaşyk ulgamy - asyrlar içre arabaglanyşyk şöhlesi

07-09-21

Taryhy sahypalara ser salsak aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlary ilkibaşda tebigy şertleriň üsti bilen amala aşyrylyp, ýyllaryň geçmegi bilen ylmyň we tehnikanyň kämilleşdirilmegi esasynda, biziň günlerimize tehnologiýalar döwrüne daýanýan täze sanly dünýä emele geldi.

Asyrlaryň dowamynda islendik döwrüň talaplary aragatnaşyk hyzmatlaryna göniden-göni bagly bolupdyr. Aragatnaşyk ulgamynyň taryhy maglumatlaryna ser salsak, ýurdumyzda 1880-nji ýyllarda telegraf (morze guralynyň) hereket edendigi adylyp geçilýär. Şol döwürlerde we XX asyryň başlarynda aragatnaşykçylar tehnologiýanyň başlangyç şertlerine we şol ýyllaryň kynçylyklaryna garamazdan, üznüksiz kommunikasiýa hyzmatlary bilen halka hyzmat edipdirler.  

Türkmenistan döwletimiz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziň düýbinden geçýän telegraf hyzmatynyň 1925-nji ýyllarda hereket edendigi barada arhiw materiallarda maglumatlar bar. 1926-nji ýyllarda telegraf, poçta we  radio hyzmatlary meşhur bolup, şol döwrüň tehnologiýa özgertmelerine laýyklykda, ulanyşa girizilipdir we ýurdumyzyň köp künjeginde gurnalypdyr.

Şol ýyllarda, ýazga geçirilen maglumatlarda öýjükli telefon hyzmaty arabaglanyşyk gurnamagyň has kämil usuly hökmünde nygtalyp, şeýle amatlyklar bilen halk köpçüligini üpjün etmek üçin aragatnaşyk ulgamynda zähmet çeken ençeme hünärmenleriň zähmetiniň durandygy aýdylyp geçilýär. Çünki şol döwürler telefon arabaglanyşygyny diňe aragatnaşyk operatorlary arkaly birikdirmek mümkinçiligi bolupdyr.

Şonuň ýalyda, Garagum derýasynyň gurluşygy barada bellige alynan maglumatlarda aragatnaşyk hünärmenleriniň zähmeti aýratyn bellenip geçilýär. Ýagny, gurluşygyň başynda şol döwrüň gurluşyk enjamlary bilen işlemek uzak möhlet talap edendigi sebäpli, ähli gurluşyk taslamasyna gatnaşýan işgärleri aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek wezipeleri bu ulgamyň gerdenine düşüpdir.

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, 1948-nji ýylda Aşgabat şäherinde bolup geçen ýer titremesi ýaly halkymyzyň hakydasynda hasrat doly günlerinde aragatnaşykçylar öz ulgamyny dikeltmek işlerini gygsa wagtda ýola goýmagy başarypdyrlar.

XX asyryň soňky ýyllary aragatnaşyk ulgamynyň depgininiň özgeren döwri bolup, internet hyzmatlary jemgyýetçilige we önümçilige barha ýaýraýar. Bütindünýä giňişligi bilen bir hatarda ýurdumyz hem, XXI asyra, ýagny tehnologiýalaryň batly we okgunly özgerýän döwrüne gadam basýar.

Garaşsyzlyk ýyllarymyzda eziz Diýarymyz öz milli ýörelgelerini ugur edinip, dünýä tejribesine daýanýan özgertmeleri ähli edara-kärhanalara we ýaşaýyş-durmuş şertine ornaşdyrmak bilen älem giňişliginde Garaşsyz, baky Bitarap we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ykrar edilýär.

Şu günki günde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalary döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan binalarda sanly ulgamyň gerimini giňeltmek we hilni ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär.

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýurdumyzyň ähli künjegini magistral we içki zolakly optiki we radio-rele liniýalary, öýjükli telefon hyzmatlary, ýokary tizlikli internet we telewideniýe hyzmatlary bilen üpjün edýär. Häzirki wagtda, ýurdumyz sebitara maglumat köprüsi bolup, 7 sany halkara ugurlary boýunça ýokary tizlikli optiki-süýüm birikmelerini ulanyşa girizdi.

«Türkmenpoçta»  poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň poçta gullugy hyzmatlaryny geçen asyryň jümmüşinden şu günlerimize çenli abraýly ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda hem, birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup, göniden-göni «Aragatnaşyk boýunça sebitara arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň» (PCC) «Bütindünýä poçta birleşigi» (ВПС) «Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi» (ITU) ýaly abraýly guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary alyp barýar.

2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ilkinji “TürkmenÄlem520E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasy geostasionar orbita çykaryldy. Hemra üç sany kabul ediji we iberiji (EAST, WEST we MENA) antennalaryndan ybarat bolup, bu antennalaryň  Merkezi Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlaryna hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny giňden ornaşdyrmaga mümkinçiligi bar. Hemra giň çäkleri örtmäge ukyplylygy bilen Türkmenistan döwletimizi Ýewropa we Aziýa döwletleriniň arasynda ýaýlymlary üstaşyr geçiriji ýurt hökmünde ýaýbaňlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Wagtyňyzy bisarpa geçirmäň! Her bir sekundy, her bir minudy netijeli peýdalanyň! Bu biziň kosmiki tizlikli eýýamymyzda hem-de maglumatlar tilsimatlary asyrymyzda iň gymmatly zatdyr» diýen sözlerinden ugur alyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi we «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti internet ulgamynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşýan täze pikirler esasynda programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak, ylmy açyşlary we oýlap tapmalary işläp düzmek boýunça ýaşlary taýýarlaýan bilim ojaklary hereket edýär.

«Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilen ugurlarynyň biridir. Bu jemgyýet döwrüň talaplaryna hem-de ýagdaýlaryna kybap gelýän, adamlaryň sosial durmuşlaryny ýakynlaşdyrýan, milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň täze äheňini döredýän wezipeleri ýerine ýetirýär.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem ak şäherimiz Aşgabadyň aýdyň geljegini nazarlaýan aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Aragatnaşyk ulgamynyň agzybir we zähmetsöýer hünärmenleri Hormatly Prezidentimiziň aragatnaşyk ulgamynyň  halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirýän ägirt işlerini özlerine baş ýörelge edinip, maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny mundan beýläkde ösdürmekde we eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny älem giňişligine äşgär etmekde, ähli başarnyklaryny we tagallalaryny gaýgyrman yhlasly zähmetleri bilen, «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny garşy alýarlar.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk 
kompaniýasynyň hünärmeni.

16946455842dd7.jpeg
TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly, ýakynda parahat ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Bu baýramyň öňüsyrasynda  hormatly Prezidentimiziň  täze neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby şanly baýrama uly sowgat boldy.


16946475fb15f5.jpeg
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


1694390c4cf7dd.jpeg
Özbegistan Türkmenbaşy porty arkaly Ýewropa ýük konteýneri gatnawyny ýola goýdy

“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda Özbegistandan Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly yzygiderli ýük konteýner gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada “Uztemirýulkonteýner” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.


1694390080145d.jpeg
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi

Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.


169438f16104af.jpeg
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi

Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.