1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni
01-09-21
Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde bellenilýän täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde baýramçylyk mynasybetli çäreleri guralar.
Hökümetiň 27-nji awgustdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew täze okuw ýylynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Türkmen Lideri ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemek maksady bilen, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny nygtap, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Berkarar Watanymyz Türkmenistan beýik ösüşleri amal etmekde ýola goýulýan parasatly döwlet syýasaty bilen halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy.Ýaş nesiller milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini iňňän bagtly, bagtyýar duýýarlar.
Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly «Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir». Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar nesillerimiziň hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýokdur.
1-nji sentýabr mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylykdyr. Bu şanly sene biziň ýurdumyzda “Bilimler we talyp ýaşlar güni”, halkara derejesinde bolsa “Bilimler güni” ady bilen dabaralandyrylýan özboluşly bir baýramçylykdyr.
1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler gününe biziň ýurdumyzda 2007-nji ýyldan başlap, Talyp ýaşlar güni hem goşulyp, bu şanly senäniň dabarasy has-da ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp baýramçylyk 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynda-da “Bilimler we talyp ýaşlar güni” görnüşinde öz beýanyny tapýar.
Gözel Diýarymyzyň ertirki eýeleri boljak ýaş nesiller ýurduň ösüş binýadyny berkitmekde hem-de Watanymyzyň öňdebaryjy dünýä döwletleriniň hataryndaky ornuny müdimilik saklamagyny gazanmakda alnyp barylýan bimöçber işlere özleriniň goşantlaryny goşýarlar. Ýurduň ösüşi we döredijiligiň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen bu möhüm resminama jemgyýetiň ösüşini şertlendirýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşlarymyz biziň ýurdumyzyň geljegidir, şoňa görä-de, başlanan okuw ýyly saýlap alan rowaçlyk we gülläp ösüş ýolumyz bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmek üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijileriniň täze nesliniň kemala gelmeginde nobatdaky ädim bolmalydyr.
Çünki ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylymyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmk döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny gurýar.Şu nukdaýnazardan hem, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilime erk edip bilmeklerini gazanmak üçin ençeme mümkinçilikler we oňyn şertler döredilýär.
Möwlam HAÝTGULYÝEW.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.