Innowasion ykdysadyýetinde sanly sowatlylyk
30-08-21
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parasatly öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri ol hem ykdysadyýetiň maksatnamalaýyn çemeleşme arkaly ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrmagyň netijesinde ýurdymyzyň durnukly ösüşini berkitmegi bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklady. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly «ýol kartasy» bolup durýar. Ol birnäçe bölümi öz içine alyp, şolarda Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we usullary, garaşylýan netijeler beýan edilýär. Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilkinji nobatda ilatyň hal ýagdaýyny ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyna itergi berýär. Ilatyň iş üpüjünçiligini ýokarlandyrýar täze innowasion häsiýetli iş orunlaryny emele getirýär, wagt netijeli we ýerlikli sarp edilýär sanly bilim we ylym has ýokary depgin bilen ösdüriler. Bu bolsa adam käpitalynyň hiline täze talaplary bildirýär we ondan beýleki sowatlyklary bilen bilelikde sanly sowatlygyna aýratyn orun berilýär.
Adamyň üstünlikli gazanmak ukyby bir ýa-da başga bir amaly iş bilen meşgullanmak, şeýle düşünjeler arkaly kesgitlenýär, "sowatlylyk", "kär", "başarnyk", "bilim derejesi". Olaryň arasynda iň möhüm düşünjeleriň biri ol hem sowatlylyk , sebäbi ol bilimden, başarnykdan we ukypdan ybaratdyr. Gysga döwrüň dowamynda häzirki döwürde sanly sowatlylyk endigi maglumat ykdysadyýetiň möhüm guraly hökmünde garalýar we kompyuter sowagatlygy bilen bileleikde yrkar edilýär.
Okatmagyň usulyýeti häzirki zaman durmuşyň talaplaryna laýyklykda kämilleşýär we özgerýär. Sanly sowatlygy osdürmek üçin bolsa döredijilikli çemeleşmeleri ulanylýar. Sanly sowatlylyk XXI möhüm başarnygy bolup, bilermenleri oňa “dördünji sowatlylyk” diýip atlandyrýarlar. Bu möhüm başarnygy ýurduň hemme raýatlaryna ylaýta-da ýaşlaryň arasynda ornaşdyrmagy has möhüm bolup durýar.
Maglumat jemgyýeti elektron hyzmatlaryny sarp edija niýetlenen we sanly sowatlylyk bolsa raýatlygyň möhüm durmuş başarnyklaryny eýelemekligine ýardam edýär. Sanly sowatlylyk häzirki döwrüň adamyň ösüşiniň möhün itergijisi bolup durýar. Bilermenleriň pikirine görä sanly sowatlylyk aşakdaky düzüm böleklerini öz içine alýar: kompýuter sowatlylygy, maglumat sowatlylygy- aragatnaşyk sowatlylygy, metbugat sowatlylygy we tehnologiki täzelik. Bu düzüm bölekler öz gezeginde aşakdakylary öz içine alýar maglumat sowatlygy, kompyuter sowatlygy, mediýa sowatlygy, kommunikatiw sowatlygy, tehnologiki innowasiýalary.
Sanly sowatlylyk düşünjesine aşakdaky 6 sany başarnyklar degişli.
Birinji, internetde zerur maglumatlary tapyp onuň hilini we ygtybarlygyny bahalandyryp bilmek.
Ikinji, meseläni seljerip ony çözüp biljek sanly enjamlary tapmak.
Üçünji, durmuşyň dowamynda üznüksiz okamak we bilim almak.
Dördünji, anyk meseläni çözmek üçün el mydama ütgeýän täzelenýän tehnologiki enjamlary bahalandyrmak.
Bäşinji, ýokary depgin bilen täzelenýän sanly enjamlary bilen üstünlikli işlemek üçin öz üstüňde üznüksiz işlemek, öwrenmek we özgermek.
Altynjy, goýulýan meseläni çözmek üçün dürli tehnologiki enjamlary özüňe laýyklyda birleşdirip sazlamak
Häzirki döwürde her öýde gajetler ýagny smartfonlar, planşetler, kompýuterler we internet, çaga bolsa "nirä baryp bilse" dünýäni öwrenýär. Bu babatda ene-atanyň gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda, çaganyň torda görmeli däl we eştmeli däl zatlary tapyp bilýar. Bu nukdaýnazardan häzirki zaman dünýäsinde sanly sowatlylygy çagalykdan başlap, bilimiň ähli derejelerinde-de terbiýelenmeli we emele getirmeli. Sanly sowatlylygyň ösüşi bilimiň umumy meseleleri bilen aýakdaş bolmaly.
Häzirki zaman maglumat dünýäsiniň çylşyrymlylygy ol hem tehnologiýanyň elýeterliligi we zerur maglumatlary gözläp tapyp bilmek başarnygy sanly jemgyýetde üstünlikli ýaşamak üçün ýeterlikli däldir.
Tehnologiýany erkin ulanýan çagalar we ýaşlar şol başarnyklaryna aşa ýokary baha berýärler. Olara tehnologiýalary netijeli ulanmak üçin bilimleri ýetmezçilik edýär, başarnyklaryna tankydy baha bermek, töwekgelçilige we howplylyga özüni iterýärler. Sanly sowatlygyň ornaşdyrmagy jemgyýet tarapyndan ýaşlarda talap edilýän endikleri kemala getirmeli.
Bir şahsyň sanly sowatlylyk derejesi ol hem, adamyň köp mukdardaky maglumat çeşmelerinde zerur maglumatlary tapyp ony özleşdrimegi, sanly çeşmeleriň peýda bolmagy bilen açylýan mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmegi. Sanly sowatlylygy bolan adam, özü üçün zerur maglumatlary internetdäki ägirt uly maglumatlar akymlaryndan saýlap biler, wirtual dünýäniň işleýşine düşünýär we sanly gurşawda howpsuz bolmagy başarýar. Umumy sanly sowatlylyk derejesi, her bir raýatyň sanly sowatlylyk derejesinden emele gelýär. Bu bolsa öz gezeginde ilatyň medeni derejesine täsir edýär, sanly ykdysadyýet döwründe bir adamyň goşant goşup biljekdigi ýa-da ýokdugy barada innowasiýalaryň başynda durýan ýurtlar. Şonuň üçin sanly sowatlygyň maksatnamalary ilatyň hemme gatlaklaryň arasynda giňden ornaşdyrmaly milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplygyny artdyrmagyna ýardam eder.
Ýusup NAZAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň mugallymy.
ÇÄRE GEÇIRILDI
18-nji martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda neşe serişdeleriniň zyýany we ýangyn howpsuzlyk düzgünleri, sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
«Sanly çözgüt – IT meýdança» HJ-de mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşik geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, täze sanly taslamalary işläp taýýarlamak, raýatlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak we bu ugurda täze pikir-garaýyşlaryny durmuşa geçirip biljek ökde hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli giň gerimli we şowhunly dabaralar geçiriler. Bu baýram tebigatyň oýanmagyny, bolçulygy we ýaz paslynyň gelmegini alamatlandyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen belleniler.
Türkmenistan emeli aň we maglumat merkezleri boýunça milli strategiýa taýýarlar
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, emeli aň boýunça döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de «Türkmentelekom» kärhanasynyň esasynda ýöriteleşdirilen Emeli aň ösüş merkezini döretmek meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada ministriň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda eden çykyşynda aýdyldy.
Mogilýow wagon gurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna girmegi meýilleşdirýär
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň gatnaşyjylarynyň arasynda Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň wekilleri hem bar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.