TÜRKMENISTANYŇ ULAG ULGAMY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
16-08-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşli özgerişliklerde ulag ulgamynyň ähmiýeti bimöçberdir.
Ulag ulgamynyň jemgyýetimiziň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagy, ýol hereketiniň kadaly, amatly we howpsuz amala aşyrylyşyny guramagyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ulag ulgamynyň işiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly çäreler çalt depginde durmuşa geçirilip başlandy.Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň her birinde diýen ýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýän bölümler bar.Demir ýollarynyň we giň awtobanlaryň gurlan müňlerçe kilometrleri, şeýle hem taslamasy düzülýän ugurlary, bar bolan deňiz we howa menzilleriniň gurulmagy we hereket edýänleriniň durkunyň täzelenilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yklymyň möhüm söwda ýollarynyň kesişýän ýerinde Türkmenistanyň kuwwatly halkara üstaşyr-ulag merkeziniň döredilmegine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamlaryny işjeň durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdirilýär we awtomobil ýollaryny, demir ýollary we degişli inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.Bu taslamalar halkara söwdasynyň, şeýle hem sebit we sebitara ähmiýetli ulag ulgamynyň ösmegine itergi berer.Biziň ýurdumyz, Ýewraziýa sebitiniň esasy haryt-ulag gatnaw ýollarynyň çatrygynd ýerleşmek bilen, örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş we kommunikasiýa merkezi bolup durýar.Türkmenistan özara bähbitli döwletara we sebitara ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle hem ýükleriň we ýolagçylaryň üstaşyr geçirilişiniň çaltlandyrylmagyna uly goşant goşýar.Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamlaryny düýpli toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge giň gerimli we ägirt uly taslamalar Türkmenistany sebitde öňdebaryjy orunlara çykardy.
Ulag pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalygyna üstünlikli goşulmagynyň möhüm ugry bolup durýar.Şuňa baglylykda, Berkarar döwletimiziň,bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda möhüm halkara ähmiýeti bolan ösen ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça ýeterlik derejede berk esas döredildi.Ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler ýola goýuldy.Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ulag toplumynyň — onuň ähli pudaklarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny çalt ösdürmäge we düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyz aýratyn amatly geografik ýagdaýy eýeläp, sebit we yklym ähmiýetli möhüm logistik merkez hökmünde öz orunyny ynamly berkitmek bilen ählumumy bähbidiň hatyrasyna degişli ulgamda öz ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar.
Biziň ýurdumyz gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar bilen birlikde netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny artdyrmak, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulmak işinde ähmiýetli ädim ätdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan sebitiň ykrar edilen ylalaşdyryjy we şonuň bilen birlikde iri ykdysady, işewürlik we medeni merkezi hökmünde berkarar bolýar. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri ählumumy ösüşiň meýillerine hem-de gadymy türkmen topragynyň taryhy wezipesini—siwilizasiýalaryň çatrygy bolup hyzmat etmek, şol sanda ýurduň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi bilen baglylykda hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetirmek meýillerine gabat gelýär.
Bu ugurda Milli Liderimiziň başyny başlan strategik maksatnamalarynyň we düýpli özgertmeleriniň çäklerinde hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Amala aşyrylýan işler ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynda Ulag-logistika ylmy merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instutytynda 2020-nji ýylda “Türkmenistanyň Ulag –logistika merkezi” döredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Ulag-logistika merkezleriniň ýokary netijeli ulgamyny döretmek institutyň özbaşdak amala aşyrýan ösüş taslamasydyr.Türkmenistanda üstaşyr geçirimlerde dünýä ulag düzümleriniň taslamlaryny Hytaýyň,Günörta-Gündogar Aziýanyň,Ýewropanyň,Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystanyň ýük iberijileriniň ilkibaşdan çekilmegi bilen baglanyşyklydyr. Munyň özi eziz Watanmyzy mundan beýläkde hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine , döwlet dolandyrylşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder.Bu ugurda awtomobil ulaglary möhüm ähmiýete eýedir.Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyny açyp berdi. Bilim bermegiň we hünär öwretmegiň iň ösen talaplaryna doly eýerýän we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen yzygiderli tejribe alşyp durýan ýokary okuw mekdebimizde ulgamy mundan beýläk hem ösdürjek hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.Ulag we kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmagy üçin şert-ykdysady taýdan güýçli depginler bilen ösmeginiň ugurlarynyň birine öwrüldi.Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasy we daşary syýasat netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda ulag-hyzmatdaşlyk ýollaryny, şeýle hem tutuş dünýä ýüzünde parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk köprülerini gurup, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşýar.
Möwlam HAÝTGULYÝEW.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.