ULAG ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE: HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ ORNY

11-08-21

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ulag ulgamy hem ykdysadyýetimiziň strategik ugurlarynyň biri bolup, bu ulgamyň milli we halkara derejesinde ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň gündelik durmuşyny ulag we aragatnaşyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ulag ulgamynyň bir pudagy bolup durýan awtomobil ulaglary ulgamyny uly depginler bilen ösdürmekde we gerimini barha giňeltmekde, täze kämil derejelere ýetirmekde hem-de döwrebaplaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly, iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr. Hut şu maksat bilen hem biz Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredýäris” (sah 7) diýip belleýär. Bu bolsa, häzirki wagtda döwrebap, amatly täze halkara logistika ulgamyny döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ählumumy başlangyçlary dünýä ýurtlary tarapyndan biragyzdan makullanýar. Ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygy, hususan-da ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyz Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde sebit hem-de sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Ýewraziýanyň halkara ýük akymlarynyň köp bölegini özünde jemleýär. Häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän, köp şahaly, utgaşykly we howpsuz halkara ulag logistika düzümini döretmek obýektiw zerurlylaryň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde onuň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu resminama içerki we daşarky bazarlaryna durnuklulygyny saklamaga hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleriniň we gatnawlarynyň işjeňleşmegine uly ýardam berer.

Dünýäde ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinde, şol ösüşleriň özeni hökmünde ulag ulgamynyň ähmiýeti örän uludygyny bellemek zerurdyr. Çünki, ösen ýurtlaryň ähli ugurlardaky maýa goýumlary bilen bir hatarda ulag ulgamyna goýulýan maýa goýum hem ösüşiň strategik häsiýetine eýedir. Şu nukdaýnazardan Logistik strategiýany ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitleýän hem-de Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Türkmenistan ulag düzümini kemala getirmekde we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljegi nazarlaýan täze ýollary açýar. Şeýle hem, möhüm ulag-üstaşyr we logistik merkez hökmünde öz eýeleýän ornuny berkidip, bu ulgamdaky ägirt uly kuwwatlyklaryny ählumumy abadançylyga gönükdirýär.

Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýar. Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýär. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem girewidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ulaglar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumy kesgitlenen. Olaryň hatarynda: ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny artdyrmak, esasan, ýurduň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek, ulaglar ulgamynda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalar babatynda, ilki bilen, çykyş etmek hem-de olary durmuşa geçirmek bolup durýar.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, ulag babatda birnäçe halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşyp, möhüm resminamalaryň  umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär. Ýurdumyz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak ugrunda çykyş edýär.

Umuman, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň işjeň daşary ykdysady syýasaty döwletimizde halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge ýol açýar. Dünýä bazarynyň iri pudaklaryny has amatly ugurlar  bilen baglanyşdyrýan täze yklymara ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge gönükdirilen taslamalaryň yzygiderli amala aşyrmagy üstinlikli alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň anyk beýany bolup durýar. Munuň özi parahatçylygyň we ynanyşmagyň, ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň we özarabähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydyr.

Gözel ORAZOWA, 
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri .

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.